Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ata Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik ösüş­le­ri­ni my­na­syp şöh­le­len­dir­ýän gö­zel paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat bu gün­ki gün ta­nal­maz de­re­je­de öz­ge­rip, hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy­na öw­rül­di.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len gül­läp ös­ýän ak şä­he­ri­miz se­bit­de pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji mer­ke­ze, hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­hat­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Asu­da za­ma­na­my­zyň gö­zel keş­bi­ni özün­de jem­le­ýän paý­tag­ty­myz owa­dan, Ýer ýü­zün­de ýa­şa­mak üçin amat­ly şä­her­le­riň bi­ri­dir. Hä­zir­ki wagt­da Aş­ga­bat şä­he­ri­ni aba­dan­laş­dyr­mak we ös­dür­mek bo­ýun­ça uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Aş­ga­bat bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň şu gü­nü­ni, gel­je­gi­ni nur­lan­dy­ryp, gün-gün­den ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne bar­ýar.
Her bir gü­ni ýat­da ga­ly­jy wa­ka­la­ra, şan­ly se­ne­le­re bes­len­ýän Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da hem paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň ga­za­nan hal­ka­ra üs­tün­li­gi toý şatlygymyzy goşalandyrdy.
Aş­ga­bat şä­he­ri ÝUNESKO-nyň öw­re­ni­ji şä­her­le­ri­niň bü­tin­dün­ýä to­ru­na gi­ri­zil­di. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň dün­ýä­niň 46 ýur­du­nyň 72 şä­he­ri­niň ha­ta­ryn­da ÝUNESKO-nyň öw­re­ni­ji şä­her­le­ri­niň bü­tin­dün­ýä to­ru­na gi­ri­zil­me­gi türk­men paý­tag­ty­nyň ylym-bi­li­mi ös­dür­mek­de, äh­li ýaş­da­ky ra­ýat­la­ryň öm­rü­niň tu­tuş do­wa­myn­da oka­ma­gy ba­bat­da ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek­de ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­za­nan­dy­gy­nyň yk­rar­na­ma­sy bol­dy.
Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da 46 ýurt­dan 72 şä­her ÝUNESKO-nyň öw­re­ni­ji şä­her­le­ri­niň bü­tin­dün­ýä to­ru­na gi­ri­zil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ÝU­NES­KO-nyň öw­re­ni­ji şä­her­le­ri­niň bü­tin­dün­ýä to­run­da­ky şä­her­le­riň sa­ny bu to­ruň 2013-nji ýyl­da dö­re­di­len gü­nün­den bä­ri 91 ýurt­dan 425 şä­he­re ýe­tip, 500 mil­li­on ada­myň bi­lim al­mak müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bol­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­kadagly Gahryman Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat dür­li ugur­lar­da uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­byn­da 12 ge­zek orun alan mer­jen şä­he­ri­miz 2022-nji ýy­lyň 22-nji ap­re­lin­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy­nyň «Şä­her­ler­dä­ki bag­lar» at­ly baş­lan­gy­jy­na bag ek­mek çä­re­le­ri ar­ka­ly gol­da­wy we oňa go­şan go­şan­dy üçin de­giş­li hal­ka­ra gü­wä­na­ma eýe bol­dy.
Şeý­le hem Aş­ga­bat ÝUNESKO-nyň dü­zü­mi bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­sin­de «Di­zaýn» ug­ry bo­ýun­ça ÝUNESKO-nyň dö­re­di­ji­lik şä­her­le­ri­niň to­ru­na gi­ri­zil­di. Bu gün­ki gün­de bu ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň dö­re­di­ji­lik şä­her­le­ri­niň to­ru­na «Se­net­çi­lik we folk­lor sun­ga­ty», «Di­zaýn», «Film», «Gast­ro­no­mi­ýa», «Ede­bi­ýat», «Me­dia sun­ga­ty» we «Saz» ýa­ly 7 sa­ny dö­re­di­ji­lik ug­ry bo­ýun­ça 350-den gow­rak şä­her gir­ýär. Bu to­ra paýtagtymyzyň go­şul­ma­gy onuň uly di­zaýn müm­kin­çi­lik­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, di­zaý­ner­le­riň baş­lan­gyç­la­ry­ny gel­jek­de has-da iler­let­mä­ge, hal­ka­ra de­re­je­de dö­re­di­ji­lik gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
Goý, ata Wa­ta­ny­my­zy, gö­zel paý­tag­ty­my­zy ösüş­le­riň aý­dyň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe alyp bar­ýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun!

Ogul­ma­ral KA­KA­BA­ÝE­WA,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyndaky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uniwersiteti­niň mu­gal­ly­my.