Halkymyz parahatçylyga, ynsanperwerlige we asylly ýörelgelere belent sarpa goýýar. Parahatçylygyň dabaralanmagy birek-birege bolan ynamyň güýjünden gözbaş alýar. Şonuň üçin türkmen halky goňşy döwletler we doganlyk halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklary yzygiderli ösdürip, parahatçylyksöýüjilige daýanýan milli ýörelgelerini asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelge Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly başlangyçlary netijesinde mynasyp derejede ösdürilýär. Şunda eziz Diýarymyzyň alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasaty, dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary uly many-mazmuna eýe bolup durýar. 2025-nji ýylyň ýurdumyzda we halkara giňişlikde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa giň mazmuny özünde jemleýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde ýurdumyzda iri halkara çäreleri geçirilýär. Şolaryň biri hem Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahaty boldy. Maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny gönüden-göni ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrýar. Şoňa görä-de, şu ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ykdysady hyzmatdaşlyga güýçli itergi bermelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz maslahatyň münberinden eden çykyşynda belledi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk syýasatyny, «Açyk gapylar» ykdysady strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.
Şunuň bilen baglylykda, maslahatda Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşyk gatnaşyklaryna, hususan-da iri energetika, ulag we elektrik energetika taslamalaryna aýratyn ähmiýet berildi. Gahryman Arkadagymyzyň hem belläp geçişi ýaly, maslahatda ähli ugurlar boýunça ara alnyp maslahatlaşylan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň maksady häzirki döwürde jemi 1 milliard 750 million ilaty bolan ýurtlary tebigy gaz bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Bu gaz geçirijiniň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän, uzynlygy 214 kilometr bolan bölegi guruldy. Geçen ýylyň sentýabrynda bolsa onuň 153 kilometrlik Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Häzirki wagtda onuň gurluşygy Owganystanyň çäklerinde dowam etdirilýär.
Şeýle hem maslahatda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygy, mundan başga-da, Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde ulag arabaglanyşygy barada giňişleýin çykyşlar diňlenildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen ynamly hyzmatdaşlyga esaslanýan parahatçylykly we köpugurly daşary syýasat ugry, ilkinji nobatda, halkymyzyň parahatçylyk söýüjiliginiň, abadançylygynyň gözbaşydyr. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerini üstünlikli amala aşyrýar.
Ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi gazanmakda, şol sanda Merkezi Aziýa sebitiniň parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy bolmagynda oňyn başlangyçlaryny işjeň öňe sürýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň tebigy serişdeleriň howpsuz üstaşyr geçelgeler arkaly halkara bazarlarda elýeterli bolmagyny gazanmak, söwda-ykdysady gatnaşyklar üçin amatly we köpugurly ulag geçelgelerini döretmek, daşky gurşawy goramak babatdaky amala aşyrýan beýik işleri bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär.
Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň binýady has-da berkesin. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar günlerimiz dowamat dowam bolsun!
Döwran ANNANEPESOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.