Ýurdumyzda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň umumadamzat ähmiýetli asylly ýörelgeleriniň, maksadynyň, tagallalarynyň ählumumy parahatçylyga, parahatlyk arkaly täze ösüşlere gönükdirilendigini görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarynyň mazmunynda parahatçylyk we ynanyşmak, agzybirlik, bitewülik ýaly düşünjeler bardyr. Bu şygarda halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň kuwwatynyň has-da artdyrylmagyna gönükdirilen çagyryş öz beýanyny tapýar.
Aslynda, adamzat durmuşynda parahatçylyk we ynanyşmak esasy orna eýedir. Bu gymmatlyklar ýaşaýşyň, döredijilikli zähmetiň, agzybirligiň, abadançylygyň kepili bolup, maksady ynsanperwerligi giňden ýaýmakdyr. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly taglymat ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň möhüm şygarlarynyň biri bolup, halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly, abadançylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine öz mynasyp goşandyny goşýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmеnistаn Gаrаşsyzlygynyň ilkinji günlеrindеn bаşlаp, bitаrаplyk ýörelgesini dаşаry syýasy ugrunyň esаsy hökmündе yglаn etdi we onuň halkara hukuk derejesinde ykrar edilmegi üçin işleri yzygidеrli, tаpgyrmа-tаpgyr amala aşyryp başlady. Häzirki wagta çenli Türkmеnistаnyň hеmişеlik Bitаrаplygynyň BMG-niň Bаş Аssаmblеýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek birаgyzdаn tassyklanmagy diplomatiýanyň taryhynda ilkinji gezek bolup geçen ajaýyp wakadyr. Birleşen Milletler Guramasy öz Kararnamalarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmaga hem-de ony goldamaga BMG-niň agzalary bolan döwletleri çagyrýar. Munuň özi oňyn Bitaraplyk daşary syýasat ugrunyň halkara hukuk ýagdaýyna doly eýe bolmagyny aňladýar. Milletler Bileleşigi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň mysalynda halkara gatnaşyklaryň tejribesiniň hil taýdan täze nusgasynyň döremeginiň şaýady boldy. Halkara bileleşik döwletimiziň dünýäniň ýurtlary bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýan işjeň we parahatçylyk söýüjilikli ornuny tassyklady.
Parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde tagallalary durmuşa geçirmek, bu ugurda möhüm halkara teklipdir başlangyçlary öňe sürmek hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň özenini düzýän esasy maksatlardyr. Ýurdumyzyň daşary syýasat ýörelgeleri 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýada anyk kesgitlenendir. Bu resminama sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, energetika we ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, ekologiýa ulgamda netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.
Türkmen Bitaraplygy – halkymyzyň jebisliginiň we gazanan ýeňişleriniň miwesi, döredijilikli zähmetiniň üstünlikli netijesi we geljekki sepgitleriniň daýanjy. Türkmen Bitaraplygy sebitde, şol bir wagtyň özünde, dünýä döwletleriniň arasynda geosyýasy, geoykdysady deňagramlylygyň möhüm şerti, durnuklylygy saklamagyň täsirli serişdesi, ählumumy parahatçylygyň rowaçlanmagynyň kepili bolup çykyş edýär.
Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraýyny has-da belende galdyrjak 2025-nji ýylda öňümizde asylly maksatlara gönükdirilen möhüm wezipeler durýar. 2025-nji ýylyň dünýä we ýurt derejesinde yglan edilen şygarlarynyň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly we meňzeş bolmagynda Türkmenistanyň hem-de BMG-niň özara gatnaşyklary aýdyň beýanyny tapýar.
Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýylyň, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine 80 ýylyň dolýandygy ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Bu ýyl Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen Ýer ýüzünde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda toplan gymmatly tejribesiniň bütin adamzat üçin örän ähmiýetlidigini ýene bir gezek aýan eder.
Parahatçylyk we durnukly ösüş biri-birine bagly düşünjelerdir. Dünýäde asudalygy goldamak, ekologiýany gorap saklamak we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek nesiller üçin iň uly mirasdyr. Bu günki gün türkmen halky Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny zähmet üstünliklerine, taryhy wakalara beslemek bilen, täze sepgitlere tarap ynamly öňe barýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent şan-şöhratyny has-da dabaralandyrýar. Goý, ýurdumyzy ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan, ata Watanymyzyň halkara abraýyny belent derejelere göterýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Maýsa GELDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.