Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özygtyýarly, baky Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasaty barha dabaralanýar. Bu, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan döwletli ýörelgelerini hormatly Prezidentimiziň ynamly dowam etdirip, ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde öz üstüne alan halkara borçnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýändigi bilen dabaralanýar.
Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde eziz Watanymyz bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri bilen halkara derejede uly abraý gazandy. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parasatly, öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, Ýer ýüzünde parahatçylygy, asudalygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde işjeňlik görkezýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň dünýäniň 150-den gowrak döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy, halkara guramalaryň 50-den gowragynyň agzasy bolmagy işjeň halkara hyzmatdaşlygyň aýdyň beýanydyr.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döwrebap daşary syýasat ugrunyň binýatlary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan köp ýyllaryň dowamynda yzygiderli ösdürildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňe süren «Ösüş arkaly parahatçylyk» düşünjesi ösüşiň ähli ugurlarynyň diňe durnukly we parahatçylyk şertlerinde mümkin bolýandygyny aýdyň görkezýär.
«Ösüş arkaly parahatçylyk» – bu jemgyýetçilik-döwlet ösüşiniň ähli ugurlary boýunça öňe gidişiň halkara gatnaşyklarynda döwletleriň arasynda ynanyşmagyň we uzak möhletleýin durnuklylygyň berkarar bolmagyna mümkinçilik döredýändigini beýan edýän syýasy-jemgyýetçilik konsepsiýadyr.
Dünýä döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlyk esasynda durmuşa geçirilýän ykdysady taslamalar, ulag-logistika we energetika geçelgeleri, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi diňe bir ösüşi üpjün etmän, eýsem, birek-birege ynamly gatnaşyklary hem pugtalandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren bu ýörelgesi häzirki zaman döwletleriniň köpüsiniň daşary syýasat konsepsiýalarynyň möhüm bölegine öwrülýär. Döwletleriň arasynda hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri ykdysady ösüşe goşant goşýan esasy şertlerdir.
«Ösüş arkaly parahatçylyk» düşünjesi häzirki döwrüň halkara gatnaşyklarynyň ösüş ugurlarynyň ählisini özünde jemleýändigi üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Bu konsepsiýa ösüşiň diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, jemgyýetçilik abadançylygynyň, döwletara ynanyşmagyň we halkara parahatçylygynyň möhüm binýady bolup çykyş edýändigini görkezýär. Şonuň üçin döwletleriň arasynda durnukly ösüşe gönükdirilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi häzirki zamanyň iň möhüm we wajyp meselelerinden biri bolup galýar.
Jahangözel MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň mugallymy.
PDF








