29-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-saz festiwalynyň açylyş dabarasy boldy.
Dabara ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýaş zehinler gatnaşdylar. Olar sahnada öz başarnyklaryny görkezip, çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdylar. Festiwal döredijiligiň, ýaşlygyň we dostlugyň hakyky baýramyna öwrüldi.
Festiwala ýaş sazandalaryňdyr aýdymçylaryň gatnaşmagy ýurdumyzda çagalaryň we ýaşlaryň döredijiliginiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň beýany boldy. «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-saz festiwaly ýaş zehinleriň mümkinçiliklerini açmak, tejribe alyşmak we ýaşajyk artistleriň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmek üçin ajaýyp meýdança öwrüldi.
Festiwal ýene birnäçe günüň dowamynda aýdym-sazyň dürli žanrlary we görnüşleri bilen tomaşaçylary begendirmegi dowam eder. Sahnada naýbaşy nusgawy sazlar, şeýle hem Türkmenistanyň we dünýä ýurtlarynyň aýdym-saz medeniýetiniň baýlygyny hem-de köpugurlylygyny şöhlelendirýän döwrebap aýdymlar ýerine ýetiriler. Tomaşaçylar üçin ýaş zehinli aýdymçylaryň we sazandalaryň çykyşlaryndan lezzet almaga mümkinçilik bolar.