Pariž 2025-nji ýylda medeniýet we sungat söýüjileri üçin dünýäniň iň gowy şäheri diýlip ykrar edildi. Beýik Britaniýanyň “Time Out” žurnaly dünýäniň dürli şäherleriniň 20 müňe golaý ýaşaýjysy bilen pikir soralyşyk geçirdi. Pikir soralanlardan hil we elýeterlilik babatda öz şäherleriniň medeni ýagdaýyna baha bermek soraldy. Sanawa öz ýurtlarynda iň ýokary bahalary alan şäherler girdi. Ondan soň, “Time Out”-yň halkara ýazyjylary özleriniň halaýan şäherlerine ses berdiler.
Soňky sanawa dünýäniň iň öňdebaryjy 20 sany medeniýet babatda ösen şäheri girdi. Mahlasy, bu şäherlerde medeniýet diňe bir muzeýdir teatrlar bilen çäklenmän, eýsem köçe şüweleňleri, gijeki gezelençler, jemgyýetçilik galereýalary we döredijiligiň täze görnüşleri medeni durmuşyň aýrylmaz bölegi hasaplanýar.
Fransiýanyň paýtagty sanawda öňdäki orny eýeledi. Ýerli ýaşaýjylaryň 96 göterimi şäheriň medeni durmuşyny “gowy” ýa-da “has gowy” diýip baha berdiler. Şeýle-de, Pariž “Time Out” žurnalynyň bilermenlerinden has köp ses aldy. Şäherde Luwr, Orse, Tokio köşgi we Fransua Pino muzeýi ýaly meşhur muzeýler bar. Mundan başga-da, ýerli ýaşaýjylar “Fête de la Musique” baýramçylygy we “La-Willet” seýilgähinde guralýan “Cinema en Plein Air” tomusky şüweleň ýaly möwsümleýin medeni wakalara ýokary baha berdiler.
Şu ýylyň sanawynda iň gowy 20 şäheriň ilkinji bäşligine Pariž, (Fransiýa), Florensiýa, (Italiýa), Edinburg, (Şotlandiýa), Mehiko, (Meksika) we Sidneý (Awstraliýa) girdi.