Fransiýanyň çempionatynda Roždestwo hem-de Täze ýyl mynasybetli berlen arakesme tamamlandy. Çempionatda 36 ýyldan soň oýnalan Pariž derbisinde çempion PSŽ paýtagtyň adybir topary “Pariži” 2-1 hasabynda ýeňdi. PSŽ-niň gollaryny Due (45) bilen Dembele (53), myhmançylykdaky “Pariž” toparynyň ýeke-täk goluny bolsa Žebbel 51 p) geçirdi. Şeýle-de, bu oýun iki topar 48 ýyldan soň ilkinji duşuşygy bolup, olar mundan öň soňky gezek 1978-nji ýylda özara duşuşypdy.

Sanawyň lideri “Lans” myhmançylykda “Tuluzanyň” derwezesinden jogapsyz 3 gol girizip, ornuny saklamagy başardy.

Tapgyryň iň geň galdyran netijesi “Welodrom” stadionynda hasaba alnyp, ýerli “Marsel” aşaky orunlarda barýan “Nantdan” 2-0 hasabynda asgyn geldi. Duşuşygy 2 oýunçy (Wermeren 26, Nadir 56) kem tamamlan “Marseliň” derwezesinden ýeňiş gollaryny Sentonz (31) bilen Kabella (88 p) girizdi.

Fransiýanyň çempionatynda bu tapgyrda eminler 5 futbolça gyzyl kart görkezdi.

Şol sanda “Lill” hem öz meýdançasynda “Rennden” 2-0 hasabynda ýeňildi.

Bu ýeňlişlerden soň 1-2-nji orunlarda barýan “Lans” bilen PSŽ 3-4-nji ýerlerdäki toparlar bilen aratapawudy açmagy başardy.

17-nji tapgyryň netijeleri:

Tuluza – Lans: 0-3 (Said 57, Tomasson 85, Ganiýu 90+5),

Monako – Lion: 1-3 (Kulibali 45+3 – Şuls 38, 57, Abner 79),

Nissa – Strasbur: 1-1 (Wai 54 – Paniçelli 13 p),

Lill – Renn: 0-2 (Frankowski 49, Marlen 56),

Marsel – Nant: 0-2 (Sentonz 31, Kabella 88 p),

Loriýan – Mets: 1-1 (Dieng 73 – Sane 29),

Le Hawr – Anže: 2-1 (Ketan 21, Obugu 81 – Muton 55),

Brest – Oser: 2-0 (Ažork 33, Şotar 79),

PSŽ – Pariž: 2-1 (Due 45, Dembele 53 – Žebbel 51 p)