Ita­li­ýa­da 25-nji sent­ýabr­da möh­le­tin­den öň par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ri­ler. Bu ba­ra­da işin­den çe­ki­len Prem­ýer-mi­nistr Ma­rio Dra­gi mi­nistr­ler ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de mälim etdi. Res­mi taý­dan saý­law­la­ryň ge­çi­ril­jek gü­ni Ma­rio Dra­gi hem-de içe­ri iş­ler mi­nist­ri Lu­ça­na La­mo­je­ze ta­ra­pyn­dan de­giş­li ka­ra­ra gol çe­kilen­den soň tas­syk­lan­dy.
Şeý­le hem, Ita­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Ser­jio Mat­ta­rel­la Mej­li­si ýa­tyr­mak ba­ra­da­ky ka­ra­ra gol çek­di. Ita­li­ýa­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, res­mi­na­ma gol çe­ki­len­den 60-70 gün ara­ly­gyn­da par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ril­me­li.
21-nji iýul­da Ser­jio Mat­ta­rel­la­nyň Prem­ýer-mi­nistr Ma­rio Dra­gi­niň işin­den çe­kil­me­gi­ni ka­bul eden­di­gi ha­bar be­ril­di. Ýö­ne Dra­gi hä­zir­ki me­se­le­le­ri çöz­mek üçin bir­nä­çe wagt­lap öz we­zi­pe­sin­de gal­ýar. Dra­gi mej­lis­de hö­kü­me­ti gol­da­jak koa­li­si­ýa­nyň ýok­lu­gy se­bäp­li işin­den çe­kil­me­gi ma­kul bi­len­di­gi­ni aýt­dy.