“Halkara parahatçylygy we gülläp ösüş üçin Trampyň ýolunyň” (Zangezur geçelgesi) ulag ulgamynyň gurluşygy 2026-njy ýylda başlanar. Bu barada Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Germaniýa resmi sapary mahalynda mälim etdi.
“Häzirki wagtda biz amerikaly kärdeşlerimiz bilen TRIPP ulag ulgamyny ösdürmek taslamasynyň umumy şertleri barada intensiw gepleşikleri alyp barýarys. TRIPP kompaniýasy demir ýollaryň, gara ýollaryň, nebit we gaz geçirijileriniň, şeýle hem optiki süýümli kabelleriň zerur infrastrukturasyny ösdürmek üçin ermeni-amerikan bilelikdäki kärhanasy bolar. Biz taslamanyň tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegine indiki ýyl başlarys – diýip, Paşinýan aýtdy.
Ýatlap geçsek, 8-nji awgustda Waşingtonda Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda parahatçylyk we döwletara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy baradaky şertnama gol çekildi. Şol gün Azerbaýjanyň, Ermenistanyň we ABŞ-nyň liderleri bilelikdäki beýannama gol çekdiler, şol beýannama TRIPP taslamasyny hem öz içine aldy.