29-njy apreli — 1-nji maýy aralygynda Söwda-senagat edarasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkany hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat geçiriler. Sergä ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli hem-de ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, daşary ýurt kompaniýalary, guramalary gatnaşar. Serginiň çäklerinde halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda eksporty ösdürmek, sanly marketing, sertifikasiýa talaplary ýaly meseleler boýunça maslahat beriş duşuşyklarynyň, işewürlik geňeşmeleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Halkara maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 27 ýurdundan kompaniýalaryň we guramalaryň 63-si hasaba alnyp, häzirki wagtda-da gatnaşmaga isleg bildirýänleri hasaba almak işi dowam edýär.
Bu barada 18-nji aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew sergi-ýarmarkany hem-de halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
“TurkmenExpo” kompaniýasynyň guraýan sergisinde elektron söwda, sanly logistika we önümçilik ugurlaryny awtomatlaşdyrmak pudaklarynda innowasion çözgütli hyzmatlary hem-de ýurdumyzyň we daşary ýurtly önüm öndürijilerinden giň gerimli harytlary hödürlär. Şeýle hem, bu sergi işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, şertnamalary baglaşmak we hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin özboluşly platforma bolar.