Şotlandiýanyň «Katrick Technologies» kompaniýasy, esasan, şäher ýerlerinde gurmaga niýetlenen, güýçli ýel bolmasa-da energiýa öndürmäge mümkinçilik berýän ýel turbinasyny işläp taýýarlady. Altyburçluk şekilli gözenekleri bolan enjam binalaryň ýa-da beýleki desgalaryň ýokarsyna oturdylyp bilner. Her bir altyburçlugyň içinde perler bar. Olar ýeliň güýji bilen aýlanyp elektrik energiýasyny öndürýär. Inženerler nusgalyk görnüşdäki täze ýel bekedi arkaly tizligi sekuntda 12 metr bolan ýelde 25-40 W aralygynda elektrik energiýasyny alyp boljakdygyny belleýärler. Täze enjamyň köpçülikleýin önümçiliginiň başlanjak wagty mälim edilmedi.