Wengriýanyň täze düzümdäki Milli ýygnagynyň (parlamentiniň) 9-njy maýda geçirilen ilkinji mejlisinde “Tisa” partiýasynyň lideri Peter Madýar ýurduň Premýer-ministri wezipesine saýlandy. 199 orunlyk parlamentde 141 orna eýe bolan «Tisa» partiýasy täze hökümeti düzmek hukugyny alyp, Wiktor Orbanyň ýolbaşçylygyndaky syýasy bileleşigiň köpýyllyk dolandyryş döwrüniň tamamlanmagyny üpjün etdi. Täze saýlanan hökümet Baştutany kasam kabul ediş dabarasyndan soň eden çykyşynda ýurtda diňe bir hökümeti däl, eýsem, syýasy ulgamy hem özgerdip, täze taryhy sahypany açjakdygyny we öz halkyna ak ýürekden hyzmat etjekdigini aýratyn nygtady.
Mejlisiň barşynda Peter Madýar öňki dolandyryş düzüminde işlän ýolbaşçylaryň, şol sanda Prezident Tamaş Şuýogyň öz ygtyýarlyklaryny tabşyrmaklarynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle hem dabara meýilnamasyna girizilen üýtgeşmelere laýyklykda, täze parlament saýlanan gününiň özünde Premýer-ministri tassyklady we bu waka giň gerimli halk dabaralary bilen utgaşdyryldy. Mundan başga-da, mejlisde “Tisa” partiýasynyň başlygynyň orunbasary Agnes Forsthoffer parlamentiň täze başlygy wezipesine saýlandy. Onuň kabul eden ilkinji karary bilen, 12 ýyllyk arakesmeden soň Ýewropa Bileleşiginiň baýdagy gaýtadan parlament binasynyň öňünde galdyryldy. Ozalky Premýer-ministr Wiktor Orbanyň bu taryhy mejlise gatnaşmazlygy köpýyllyk däplerden tapawutlanýan ýagdaý hökmünde baha berildi.
Şeýle hem täze hökümetiň halkara giňişliginde parahatçylykly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly bolup, beýleki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary täze derejä çykarmaga taýýardygy bellenildi. Bu taryhy wakalar ýurduň geljekki durmuş-ykdysady ösüşini we jemgyýetçilik agzybirligini has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirilýär.
PDF









