Er­te­ki­ler­de ýa-da mult­film­ler­de pi­liň sy­çan­dan gork­ýan­dy­gy su­rat­lan­dy­ryl­ýar. Köp­le­riň aňy­na or­na­şan iň uly gu­ry ýer jan­da­ry­nyň ki­çi­jik gem­ri­ji­den gork­ýan­dy­gy ba­ra­da­ky ga­ra­ýyş ha­ky­ka­ta la­ýyk gel­ýär­mi? Pil­ler hakykatda­nam sy­çan­dan gork­ýar­my­ka?!
Pil­le­riň sy­çan­dan gork­ýan­dy­gy ba­ra­da­ky ga­ra­ýyş bi­ziň eý­ýa­my­my­zyň 77-nji ýy­lyn­dan ga­dy­my Gre­si­ýa­dan alyp gaýd­ýar. Grek er­te­ki­le­ri­niň bi­rin­de sy­çan pi­liň hol­tu­my­na gi­rip, ony to­ka­ýyň için­de dä­li­re­dip yl­gad­ýar. Sy­çan pi­liň hol­tu­my­na syg­ma­ýan bol­sa, bu er­te­kä köp­ler ynan­maz­dy. Em­ma sy­çan ha­ky­kat­da­nam pi­liň hol­tu­my­na syg­ýar. Şol se­bäp­li köp­ler mu­ny ha­ky­kat di­ýip ka­bul ed­ýär­ler. Si­ziň pi­ki­ri­ňiz­çe sy­ça­nyň pi­liň bur­nu­na gir­me­gi gor­kuz­mak üçin ýe­ter­lik­mi?
1600-nji ýyl­lar­da ir­lan­di­ýa­ly luk­man sy­çan pi­liň hol­tu­my­na gi­rip, dem al­ma­gy­ny kyn­laş­dyr­ýar, bog­ýar di­ýen çak­la­ma­ny öňe sür­ýär. Em­ma bu çak­la­ma yl­my mag­lu­mat­la­ra ga­bat gel­me­ýär­di. Ýyl­la­ryň geç­me­gi bilen bu çak­la­ma­la­ryň ýal­ňyş­dy­gy su­but edil­se-de, köp­ler sy­ça­nyň pil­le­ri gor­kuz­ýan­dy­gy­na ynan­ýar­lar.
As­lyn­da, pil­ler duý­dan­syz öňün­den çy­kyp, bur­nu­na ýa­py­şan is­len­dik zat­dan gork­ýar­lar. Sy­çan ýa-da beý­le­ki süý­re­ni­ji­le­riň is­len­di­gi ot­lap ýö­ren pi­liň öňün­den çyk­sa, pil gor­kup gaç­mak bi­len bol­ýar. Sy­çan pil­le­riň bur­nu­na gi­rip gor­kuz­ýar di­ýen ga­ra­ýyş bol­sa düý­bün­den ýal­ňyş hem-de yl­my taýdan esas­syz­dyr.
Bu ga­ra­ýyş mult­film ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­la­ryň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan ça­ga­la­ry gy­zyk­lan­dyr­mak üçin oý­la­nyp ta­pyl­ýar. «Dam­bo» (uzyn gu­lak­ly pil­ja­gaz) mult­fil­min­de hem şeý­le wa­ka­la­ra duş gel­mek bol­ýar. Mult­film­de äpet jan­dar­lar ki­çi­jik gem­ri­ji­den gor­kup gaç­ýar­lar. Mult­film ön­dü­ri­ji­ler sy­çan­dan gork­ýan pil­le­ri su­rat­lan­dyr­mak bi­len ça­ga­la­ra şat­lyk paý­la­ma­ga, be­gen­dir­mä­ge sy­na­ny­şyp­dyr­lar.
Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da ýö­räp bar­ýan ýa-da ot­lap ýö­ren pil­le­riň öňü­ne duý­dan­syz daş ok­lap­dyr­lar. Pil­ler daş­dan gork­man­dyr­lar. Soň­ra da­şyň or­nu­na pil­le­riň ýa­ny­na sy­çan goý­be­rip­dir­ler. Otuň için­den zy­gyr­dap gel­ýän za­dyň nä­me­di­gi­ne dü­şün­män, il­ki­ba­da pil­ler gor­kup­dyr. Em­ma sy­çan­dy­gy­ny gö­ren­le­rin­den soň, üns ber­män ýo­lu­ny do­wam edip gi­di­beripdir. Bar­la­gyň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, pil­le­riň sy­çan­dan gork­ma­ýan­dy­gy, er­te­ki­ler­de aý­dyl­ýan gür­rüň­le­riň tos­la­ma­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy.

Gor­ky duý­gu­sy
Jan­ly-jan­dar­la­ryň kö­pü­si öňün­den bir­den duý­dan­syz çy­kan zat­dan gork­ýar­lar. Bu duý­gy gö­züň bir­den gö­rüp ýe­tiş­mez­li­gi, beý­ni­niň işi bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýü­ze çyk­ýar. Pil ulu­dy­gy­na ga­ra­maz­dan duý­dan­syz he­re­ket­ler­den gork­ýar. Hü­när­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, pil­ler duý­gu­çyl, adam­lar bi­len özü­ni my­la­kat­ly alyp bar­ýan jan­dar ha­sap­lan­ýar.