Şwesiýanyň Çalmers şäheriniň Tehnologiýa uniwersitetiniň biologlary gury ýerdäki we suwdaky plastikany dargadyp bilýän bakteriýalary tapandyklaryny habar berdiler. Bu barada “Microbial Ecology” saýty habar berýär.
Barlag geçirijiler tapylan bakteriýalaryň ewolýusiýa arkaly ösüp biljekdigini we iş ýüzünde köptaraplydygyny bellediler. Hususan-da, olar galyndylaryň belli bir görnüşine uýgunlaşýarlar we plastikanyň dürli görnüşlerini gaýtadan işlemäge ukyply. Şeýle hem, awtorlar bakteriýalaryň plastiki hapalanma derejesine bolan reaksiýalarynda tapawutlanýandyklaryny anykladylar.
Barlaglaryň dowamynda biologlar, takmynan, 200 000 000 dürli bakteriýalaryň özüni alyp barşyny we aýratynlyklaryny öwrendiler. Şol bir wagtyň özünde 300 000 mikroorganizm, takmynan, on görnüşli plastmassany dargadyp biljekdigi anyklandy. Olaryň käbiri laboratoriýada synagdan geçirilmegi meýilleşdirilýär, bu ýerde hünärmenler plastigiň dargaýyş mehanizmine we tizligine baha bererler.
Şeýle hem, alymlar polimeriň belli bir görnüşiniň dargamagyna niýetlenen mikrop baradaky jemgyýeti döretmegi maksat edinýärler.