Şu günler Londonyň “ExCeL” sergi merkezinde guralýan täze immersiw sergi gadymy Pompeý şäherini wirtual hakykat, uly göwrümli proýeksiýalar we taryhy gurnamalar arkaly janlandyrýar. Täze immersiw sergi bu ýere gelýän myhmanlara Pompeýiniň soňky günleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
14-nji noýabrda Londonda açylan “Pompeýiň soňky günleri” sergisi 3 000 inedördül metr meýdany eýeleýär we ondan gowrak galereýany öz içine alýar. Sergide hakyky ýadygärlikler hem görkezilýär. Şeýle-de myhmanlar meşhur Misteriý willasyny doly immersiw hakykatda synlap bilýärler. Sergi eýýäm dünýäniň 750 müň myhmany özüne çekdi. Ol Londonda 16 hepde dowam edip, soňra, Şanhaý we Buenos-Aýres şäherlerinde guralar.
Şunuň ýaly sergiler Pompeidäki binalar bilen wertual tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bu şäher biziň eýýamymyzyň 79-njy ýylynyň 24-nji awgustynda tutuşlygyna diýen ýaly Wezuwiýa wulkanynyň astynda galýar. Miladydan 6 asyr öň esaslandyrylan, Italiýanyň çäklerindäki gadymy şäher Pompeiniň galyndylary häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen. 1748-nji ýylda başlan gazuw-agtaryş işleri häzirki günlere çenli dowam edip, şäheriň syrlarynyň 80 göterime golaýynyň üsti açyldy.
PDF









