Gyrgyzystanyň parlamenti ýurtda Prezident we parlament saýlawlarynyň geçiriljek senesi barada karar kabul etdi. Bu barada ýerli neşir “24.kg.” habar berdi. Netijede, ýurtda Prezident saýlawlarynyň 2027-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljekdigi belli boldy, ýöne parlament saýlawlary birnäçe aý öň geçiriler.
Parlamentde tassyklanan üýtgetmelere laýyklykda, indiki saýlawlar 2027-nji ýylyň ýanwar aýynyň soňky ýekşenbesinde, Sadyr Japarowyň ygtyýarlyk möhleti gutaranda geçiriler. Respublikada parlament saýlawlary 2026-njy ýylyň noýabr aýynda meýilleşdirilýär. Iň soňky gezek dört ýyl ozal geçirilipdi. Şol döwürde Respublikada Prezident saýlawlary geçirilip, onda Japarow ýeňiş gazanypdy.
Jarowyň 2021-nji ýyldaky saýlawlarda 79,2% sese eýe bolupdy. Onuň garşydaşlary Adahan Madumarow 6,79% ses, telekeçi Babur Tolbaýew bolsa 2,35% ses alypdy.