Wýet­nam So­sia­lis­tik Res­pub­li­ka­sy­nyň wi­se-pre­zi­den­ti Wo Thi An Su­an ýurt­da tä­ze pre­zi­dent saý­lan­ýan­ça döw­let Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne bel­len­di. Bu ba­ra­da Mil­li mej­li­siň (bir pa­la­ta­ly mej­lis) baş­ly­gy Wuong Din Hýue mä­lim et­di. Mun­dan öň ýur­duň öň­ki döw­let Baş­tu­ta­ny Nguen Su­an Fuk we­zi­pe­sin­den çe­kil­ýän­di­gi­ni mä­lim edip­di. Ol 2021-nji ýyl­dan bä­ri ýur­da ýol­baş­çy­lyk edip gel­ýär­di. 2016-njy ýyl­dan bä­ri Wýet­nam So­sia­lis­tik Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri bo­lup iş­län 69 ýaş­ly Nguen Su­an Fuk hä­zir­ki Wýet­na­myň ta­ry­hyn­da saý­lan­maz­dan ozal ýur­duň hö­kü­me­ti­ne ýol­baş­çy­lyk eden il­kin­ji pre­zi­dent bol­dy.
Wýet­nam hin­di-­hy­taý ýa­rym ada­syn­da ýer­leş­ýän gü­nor­ta-gün­do­gar Azi­ýa­ döw­leti bolup, gün­ba­tar­da La­os we Kam­bo­ja, de­mir­ga­zyk­da Hy­taý, gün­do­gar­da we gü­nor­ta­da Gü­nor­ta Hy­taý deň­zi bi­len ser­het­leş­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Wýet­na­myň ila­ty 99 mil­li­on adam­dan geç­ýär, bu hem ony ilat sa­ny bo­ýun­ça dün­ýä­de 15-nji, Azi­ýa se­bi­tin­de 8-nji we Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­da üçün­ji ýurt hök­mün­de öňe çy­kar­ýar. Şu ýyl Wýet­nam­da ilat sa­ny­nyň 100 mil­lio­na ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.