Fransiýanyň PSŽ topary 2025-nji ýyl tamamlanmanka ýene bir kuboga mynasyp boldy. Parižliler FIFA Yklymlararasy Kubogy ýaryşynyň finalynda Braziliýanyň “Flamengo” topary bilen duşuşdy. Kataryň Al-Raýýan şäherindäki Ahmad bin Aliniň adyny göterýän stadionda oýnalan finala 42 150 janköýeriň tomaşa edip, duşuşygyň esasy wagtynda ýeňiş gazanan bolmady. Duşuşygyň 38-nji minutynda Hwiça Kwaraheliýanyň goly bilen PSŽ öňe saýlandy. Brazil kluby 62-nji minutda öň “Çelsidir” “Arsenalda” oýnan Žoržinio 11 metrlik jerime urgusyny dürs urup, hasaby deňledi. Oýnuň esasy hem-de goşmaça wagtynda hasap üýtgemedi. Oýundan soň ýeňijini 11 metrlik jerime urgulary kesgitläp, PSŽ-niň russiýaly derwezeçisi Matweý Safonow erjellik görkezmegi başardy. Bu urgularda 2-1 hasabynda üstün çykan PSŽ-niň derwezeçisi yzly-yzyna 4 urgyny saklap, toparynyň ýeňşine saldamly goşant goşdy. PSŽ-de Witinýa bilen Nunu Mendeşiň, “Flamengoda” bolsa De la Kruzuň urgusy takyk boldy.

Şunlukda, PSŽ topary 2025-nji ýyldaky 6-njy kubogyny asmana göterip, taryhy başarnyk görkezdi. PSŽ topary “Barselonadyr” (2009) “Bawariýadan” (2020) soň bir ýyly 6 kubok bilen tamamlan 3-nji klub hökmünde hasaba alyndy. “Pari Sen-Žermen” topary şu ýylda Fransiýanyň çäginde “Ligue 1”-iň çempionlygyny, Fransiýanyň Kubogyny, ýylyň başynda-da Fransiýanyň Super Kubogyny gazandy. Halkara ýaryşlarda UEFA Çempionlar Ligasynyň, UEFA Super Kubogynyň hem-de FIFA Yklymlararasy Kubogyň ýeňijisi boldy.

PSŽ-li Witinýa duşuşygyň iň ökde oýunçysy diýlip saýlandy.

Bu ýaryş täzeçe formatda 2-nji gezek geçirilip, PSŽ topary “Real Madridden” soň çempionlyk gazanan 2-nji topar hökmünde bellige alyndy. Ähli yklymyň çempionlarynyň gatnaşýan ýaryşynda UEFA-nyň wekili gönümel finala çyksa, Libertadores Kubogynyň ýeňijisi finala çenli 2 duşuşyk geçirmeli bolýar. Ýaryş sentýabr aýynda başlap, dekabr aýynda-da tamamlanýar.