UEFA Çempionlar Ligasynyň soňky çempiony PSŽ topary 1/8 finala çykmak üçin geçen möwsümdäki ýaly ýene-de fransuz kluby bilen bije çekişdi. Geçen fewralda “Brest” toparyny uly hasaplar bilen ýeňen parižlileriň bijesine bu gezek “Monako” topary düşdi. Duşuşyga ýer eýeleri “Monako” ýokary depginde başlap, Folarin Balogun 1-nji we 18-nji minutlarda toparyny 2-0 hasabynda öňe çykardy. Oýnuň 22-nji minutynda eminiň bellän 11 metrlik jerime urgusyny Witinýa dürs urup bilmedi. Tejribeli tälimçi Luis Enrike toparynyň oýny bilen kanagatlanman, 27-nji minutda şol pursata çenli şowsuz çykyş eden Usman Dembeleniň ornuna Desire Dueni meýdança girizdi. Ýaş futbolçy 2 minutdan soň aratapawudy azaltsa, 41-nji minutda Aşraf Hakimi hasap deňledi (2-2). 2-nji ýarymyň başynda “Monakodan” Aleksandr Golowiniň gyzyl kart almagy parižlileriň oýnuny hasam ýeňilleşdirip, Due 67-nji minutda PSŽ-ni öňe saýlady. 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan PSŽ 1/8 finalyň bosagasyndan ilkinji ädimi ätdi.
PDF









