Fransiýanyň PSŽ topary super ýyldyzy Lionel Messiniň aýlyk hakyny tölemek üçin 7 futbolçysyny ugratmakçy bolýar. Häzirki wagtda düzüminde 35 futbolçy bolan PSŽ-niň umumy ýyllyk futbolçylara töleýän aýlyk tölegi 300 million ýewro möçberinde. Şonuň 41 million ýewrosy Lionel Messiniň paýyna düşýär. Şol sebäpli parižliler düzümindäki az çykyş edýän ýa-da hiç hili oýnamaýan, şol sanda gelejekde göz öňünde tutulmaýan futbolçylaryny transfere goýbermekçi. Olaryň arasynda Alfonse Areola, Riko, Rafinýa, Kolin Dagba, Lawin Kurzawa, Abdu Diallo ýaly futbolçylary ýanwar aýynda satuw sanawynda goýar.
PSŽ tomusda Messi bilen bir hatarda, Hakimi, Donnarumma, Ramos, Weýnaldum ýaly aýlyk tölegi ýokary bolan ýyldyz futbolçylary düzümine goşupdy.