Geçen möwsümde taryhynda ilkinji gezek UEFA Çempionlar Ligasynyň Kubogyny gazanan PSŽ topary düzümine “Bornmut” toparynyň ukrainaly goragçysy Ilýa Zawarnyny goşdy. PSŽ topary 22 ýaşyndaky merkezi goragçynyň transferi üçin iňlis toparyna 63+3 million ýewro berer. Parižliler Zawarnyý bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol PSŽ-niň düzüminde 6-njy belgili köýnekçäni geýer. Zawarnyý PSŽ-niň düzüminde çykyş etjek ilkinji ukrain futbolçysy bolar. 2019-njy ýylda Kiýewiň “Dinamosynda” futbola başlan 2023-nji ýylyň ýanwarynda “Bornmut” toparyna transfer bolupdy. Iňlis klubunda 2,5 möwsümde 85 duşuşykda meýdança çykan Zawarnynyň Ukrainanyň milli ýygyndysy bilenem 49 oýny bar.