Ýewropada TOP 5 çempionatyň 5-njisi bolan Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-de 88-nji möwsüme şu gijeki “Renn” – “Marsel” duşuşygy bilen badalga berler. Çempionatdaky iň uly täzelik ençeme ýyldan soň bir şäherden 2 klubuň bir möwsümde çykyş etmegi bolar. Ýagny 33 ýyldan soň “Ligue 1”-de paýtagt derbisi oýnalar. Eýýämden iki duldegşir stadionlarda oýnaljak PSŽ-Pariž derbileri köpleriň esasy üns merkezindäki oýunlar bolar.
“Loriýan” bilen “Mets” toparlary 1 ýyldan soň ýokary liga dolansa, “Pariž FK” toparynyň 46 ýyllyk arakesmesi tamamlandy. Geçen möwsümde iň aşaky orunlary eýelän “Monpelie” 16, “Sent Etien” 1, şeýle-de pleý-offda utulan “Reýms” topary 7 ýyldan soň 2-nji liga düşdi.
18 klubuň 10-syna ýerli tälimçiler tälim berýär. 8 legioner tälimçiniň 2-si ispaniýaly, 2-si portugaliýaly hünärmenlerdir. Çempionlygyň iň esasy dalaşgäri, gürrüňsiz PSŽ topary hasaplanýar. Başgaça aýdylanda, PSŽ we beýlekiler diýilse ýalňyş bolmaz. Başga bir klubuň çempionlygy garaşylmadyk taryhy netije bolar. “Marsel”, “Lill”, “Monako” hem-de maliýe ýetmezçilikler sebäpli aşaky liga düşürilip, soň täzeden “Ligue 1”-de galdyrylan “Lion” çempionlygyň beýleki dalaşgärleri hasaplanýar.
I TAPGYRYŇ DUŞUŞYKLARY 15-nji awgust (anna) Renn – Marsel (23:45) 16-njy awgust (şenbe) Lans – Lion (20:00) Monako – Le Hawr (22:00) Nissa – Tuluza (00:05) 17-nji awgust (ýekşenbe) Brest – Lill (18:00) Oser – Loriýan (20:15) Mets – Strasbur (20:15) Anže – Pariž (20:15) Nant – PSŽ (23:45)
Anže |
Anže |
Stade Raymond Kopa - 18 752 |
Aleksandr Dužo |
Oser |
Oser |
Stade Abbe Deschamps - 21 379 |
Kristof Pelissie |
Brest |
Brest |
Stade Francis-Le Ble - 15 931 |
Erik Roý |
Le Hawr |
Le Hawr |
Stade Oceane - 25 178 |
Didie Digar |
Lans |
Lans |
Stade Bollaert-Delelis - 37 705 |
Pier Saž |
Lill |
Wilnýow-d'Ask |
Stade Pierre-Mauroy - 50 186 |
Bruno Ženesio |
Loriýan |
Loriýan |
Stade du Moustoir - 18 890 |
Paulo Fonseka (Portugaliýa) |
Lion |
Lion |
Groupama Stadium - 59 186 |
Oliwie Pantaloni |
Marsel |
Marsel |
Stade Velodrome - 67 394 |
Roberto De Zerbi (Italiýa) |
Mets |
Mets |
Stade Saint-Symphorien - 28 786 |
Stefan Le Menýan |
Monako |
Monako |
Stade Louis II - 18 523 |
Adi Hütter (Awstriýa |
Nant |
Nant |
Stade de la Beaujoire - 35 322 |
Luis Kastro (Portugaliýa) |
Nissa |
Nissa |
Allianz Riviera - 35 624 |
Frank Hez |
Pariž FK |
Pariž |
Stade Jean-Bouin - 20 000 |
Stefan Gilli |
PSŽ |
Pariž |
Parc des Princes - 47 926 |
Luis Enrike (Ispaniýa) |
Renn |
Renn |
Roazhon Park - 29 778 |
Habib Beýe (Senegal) |
Strasbur |
Strasburg |
Stade de la Meinau - 29 230 |
Liam Rosenior (Angliýa) |
Tuluza |
Tuluza |
Stadium de Toulouse - 33 150 |
Karles Martines (Ispaniýa) |