Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 18-19-njy iýunda Koreýa Halk-Demokratik Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar. Bu barada Kremliň metbugat gullugynyň beýanatynda aýdylýar.
“Koreýa Halk-Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Ynyň çakylygy boýunça Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 2024-nji ýylyň 18-19-njy iýunynda Koreýa Halk Demokratik Respublikasyna dostlukly döwlet saparyny amala aşyrar” diýlip, Russiýanyň lideriniň metbugat gullugynyň beýanatynda bellenilýär.
Şeýle hem, 19-20-nji iýunda Putiniň Wýetnama sapary meýilleşdirilýär.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Koreýa Halk-Demokratik Respublikasyna mundan 24 ýyl ozal, bu wezipä ilkinji gezek girişen ýylynda – 2000-nji ýylda barypdy. Şol wagt ýurda Kim Çen Ir ýolbaşçylyk edýäredi.
Kim Çen Yn geçen ýyl Russiýada saparda bolupdy.