10-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.
Mejlisde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan gelip çykýan esasy düzgünleri göz öňünde tutup, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny hem-de «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, administratiw önümçiliginiň kadalary bilen baglanyşykly meseleleri düzgünleşdirmek boýunça birnäçe kodekslere we beýleki kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz döwrebap kanunlary işläp taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.