Ispaniýanyň çempionatynda “Real Madridiň” liderligi 1 hepde dowam edip, ýene-de “Barselona” öňki ornuna gaýdyp geldi.

Katalonlaryň öňki tapgyrda utulmagyndan soň birinjilige beýgelen “Real Madrid” 25-nji tapgyrda myhmançylykda “Osasunadan” 2-1 hasabynda ýeňildi. Ýer eýeleri Ante Budimiriiň 38-nji minutda penaltiden geçiren goly öňe geçse-de, 73-nji minutda Winisius Junior hasaby deňledi. Emma 90-njy minutda paýtagtlylara Raul de Aronyň goluny saklamak başartmady.

“Barselona” bolsa öz meýdançasynda “Lewanteni” ýeňmek kyn düşmedi. 3-0 hasabynda ýeňiş gazanan katalonlaryň gollaryny Bernal, De Ýong hem-de Fermin Lopes derwezä girizdi.

3-nji orunda barýan “Wilýarreal” topary “Walensiýany” Komesaniýa hem-de Geýeniň 1-nji ýarymda geçiren gollary esasynda 2-1 hasap bilen utdy.

“Atletiko Madrid” öz meýdançasynda “Espanýoly” Sörlotyň (2), Simeoneniň hem-de Lukmanyň gollary bilen 4-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

 

Atletik – Elçe: 2-1 (Guruseta 64, 89 p – Andre Silwa 68 p),

Real Sosiedad – Owiedo: 3-3 (Oskarsson 64, 90, Çaleta-Sar 87 – Winias 50, 52, Beýi 90+2),

Betis – Raýo Wallekano: 1-1 (Bakambu 16 – Palason 42),

Osasuna – Real Madrid: 2-1 (Budimir 38 p, Raul de Aro 90 – Winisius 73),

Atletiko – Espanýol: 4-2 (Sörlot 21, 72, Simeone 49, Lukman 58 – Karreras 6, Ekspozito 80),

Hetafe – Sewilýa: 0-1 (Sou 64),

Barselona – Lewante: 3-0 (Bernal 4, De Ýong 32, Fermin Lopes 81),

Selta – Malýorka: 2-0 (Ýago Aspas 85 p, 90+6),

Wilýarreal – Walensiýa: 2-1 (Komesaniýa 31, Geýe 45+6 p – Ramazani 27 p),

Alawes – Žirona (şu gije)