ABŞ-da geçirilýän FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynda “H” toparçada “Real Madrid” Filadelfiýada “Red Bull Salsburgyň” derwezesinden jogapsyz 3 gol girizdi. Gollary 1-nji ýarymyň ahyrynda Winisius Junior (40) bilen Federiko Walwerde (45+3) hem-de duşuşygyň soňlarynda Gonzalo Garsiýa (84) geçirdi.

Saud Arabystanynyň wekili “Al Hilal” topary Meksikanyň “Paçuka” klubuny Salem Al-Dawsariniň 22-nji, Markos Leonardonyň 90+5-nji minutda geçiren gollary esasynda 2-0 hasap bilen utdy.

Bu netijelerden soň “Real Madrid” 7, “Al Hilal” 5 utuk bilen 1/8 finala çykdy. 4 utukly “RB Salsburg” bilen utuksyz “Paçuka” üçin ýaryşm tamamlandy.