FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynda toparçadaky duşuşyklar tamamlanyp, 1/8 finala çykan toparlaryň ählisi belli boldy. Utulan-çykdy tapgyryň duşuşyklaryna şenbe güni badalga berler.

1/8 finalda 2 brazil kluby – “Palmeiras” bilen “Botafogo”, super ýyldyz Lionel Messiniň öňki we şu wagtky kluby PSŽ bilen “Inter Maýami” toparlary çärýek finala çykmak üçin özara göreşerler.

Şeýle-de, Ýewropanyň 2 wekili “Benfika” bilen “Çelsi” hem-de “Flamengo” bilen “Bawariýa” duşuşar. Italiýanyň “Interi” Braziliýanyň “Fluminense” bilen topary bilen duşuşsa, “Mançester Sitiniň” 1/8 finaldaky bäsdeşi “Al Hilal” boldy. 1/8 finalyň iň köp ünsi çekýän duşuşygynda “Real Madrid” bilen “Ýuwentus” duşuşar. Şeýle-de, “Borussiýa Dortmund” çärýek finala çykmak üçin “Monterreý” kluby bilen özara güýç synanyşar.

32 klubuň deň ýarysy ýaryşy dowam etdirip, Ýewropadan gatnaşan 12 klubuň 9-sy 1/8 finala çykdy. “Porto”, “Atletiko Madrid” hem-de “Red Bull Salsburg” toparlary üçin ýaryş tamamlandy.

Günorta Amerikadan gatnaşýan 6 klubuň 4-si ýaryşy dowam edip, olaryň ählisi-de brazil toparlarydyr. Yklymyň öňdebaryjy futbol ýurtlarynyň biri bolan Argentinanyň 2 topary hem ýaryş bilen hoşlaşdy. Galan 3 toparyň 2-si Demirgazyk Amerikadan hem-de Aziýadan bolup, ýer eýelerinden “Inter Maýami”, şol sanda Meksikanyň 2 klubunyň biri “Monterreý” ýaryşy dowam etdirýär. “Al Hilal” bolsa Aziýanyň ýeke-täk wekili bolup galdy.

 

1/8 finalyň duşuşyklary

28-nji iýun (şenbe): Palmeiras – Botafogo (21:00)

29-njy iýun (ýekşenbe): Benfika – Çelsi (01:00)

29-njy iýun (ýekşenbe): PSŽ – Inter Maýami (21:00)

30-njy iýun (duşenbe): Flamengo – Bawariýa (01:00)

1-nji iýul (sişenbe): Inter – Fluminense (00:00)

1-nji iýul (sişenbe): Mançester Siti – Al Hilal (06:00)

2-nji iýul (çarşenbe): Real Madrid – Ýuwentus (00:00)

2-nji iýul (çarşenbe): Borussiýa Dortmund – Monterreý (06:00)