UEFA Çempionlar Ligasynda “Real Madrid” Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerli “Kairat” topary bilen duşuşdy. Myhmanlaryň doly artykmaçlygynda geçen oýunda “Real” 5-0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda Kilian Mbappe het-trik edip (25 p, 52, 73), beýleki gollary oýna soň goşulan Kamawinga (83) bilen Brahim Diaz (90+3) derwezä girizdi. Mbappeniň Çempionlar Ligasyndaky gollarynyň sany 60-a ýetip, ol bu statistikany gazanan 6-njy futbolçy boldy. Şeýle-de “Real Madridiň” Çempionlar Ligasynda geçiren gollarynyň sany 703-e ýetdi.

Italiýanyň “Atalanta” topary öz meýdançasynda “Klub Brýuggeni” kabul edip, 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykda myhmanlar Solisiň 38-nji minutyndaky goly bilen öňe geçse-de, ýer eýeleri soňky 16 minutda Samaržiçiň (74 p) hem-de Paşaliçiň (87) takyk urgulary esasynda ýeňşini baýram etdi.

Norwegiýanyň “Bude-Glimt” topary öz meýdançasynda “Tottenham” bilen duşuşyp, Ýens Heugeniň 53-nji we 66-njy minutlarda geçiren gollary bilen 2-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik londonlylar oýun tamamlanmanka hasaby deňlemegi başardylar. “Tottenhamy” ýeňlişden halas eden gollary Wan de Wen (68) bilen Gundersen (89 ö.d.) geçirdi. “Bude-Glimt” 2-nji duşuşygynda-da deňme-deň oýnady.