Karýerasy boýunça Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynyň köýnekçesini geýen kolumbiýaly meşhur futbolçy Hames Rodriges futbol ýoluny ABŞ-da dowam eder. Erkin agent ýagdaýda transfer bolan 34 ýaşyndaky ýarymgoragçy “Minnesota Ýunaýtediň” düzümine goşuldy. Ol amerikan topary bilen iýunyň soňuna çenli şertnama baglanyşyp, onuň möhleti dekabra çenli uzaldylyp biler.
“Minnesota Ýunaýtedden” öň Meksikanyň “Leon” toparynda oýnan Hames Rodriges karýerasyna ýurdunyň “Enwigado” toparynda başlap, soňlugy bilen Argentinanyň “Banfild”, Portugaliýanyň “Porto”, Fransiýanyň “Monako”, Ispaniýanyň “Real Madrid”, Germaniýanyň “Bawariýa”, Angliýanyň “Ewerton”, Kataryň “Al-Raýýan”, Gresiýanyň “Olimpiakos”, Braziliýanyň” “Sao-Paulu”, Ispaniýanyň “Raýo Wallekano” klublarynda oýnady. Ol klublarda 548 duşuşykda 136 gezek tapawutlandy.
Dünýä Kubogy 2014-iň ýyldyzy bolan Rodriges milli toparda-da 122 oýunda 31 gol geçirdi.
PDF









