Soňky 2 möwsümi “Milanda” geçiren serbiýaly hüjümçi Luka Ýowiç mundan soň karýerasyny Gresiýada dowam eder. 27 ýaşyndaky oýunçy erkin agent ýagdaýynda Gresiýanyň AEK topary bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol afinylylaryň düzüminde 9-njy belgide oýnar. 2013-nji ýylda “Srwena Zwezda” toparynda futbola başlan Ýowiç “Benfika” hem-de “Aýntraht” klublarynda çykyş edeninden soň, esasanam nemes toparynda görkezen üstünligi nazarda tutulyp, 2019-njy ýylda 60 million ýewro “Real Madride” transfer bolupdy. Madridliler bilen 6 ýyllyk şertnama baglaşan Ýowiç ispan toparyna garaşylýan oýny görkezip bilmedi. Ýarym möwsüm “Aýntrahtda” kärendesine oýnan Ýowiç soňky 3 möwsümi “Fiorentina” hem-de “Milan” klublarynda geçirdi. Ol 311 oýunda 86 gezek tapawutlandy. Onuň milli toparda 45 oýunda 11 goly bar.
Esasy Sport Transfer täzelikleri “Real Madridiň” hem-de “Milanyň” öňki oýunçysy grek klubuna transfer boldy