UEFA Çempionlar Ligasynda Ispaniýa bilen Portugaliýanyň klublarynyň arasyndaky başga bir oýunda “Sporting” 90-njy minutdan soň ýeňiş goluny geçirip, ýaryşy 7-njilik bilen tamamlamaga hukuk gazandy. Çekeleşilikli geçen oýunda ýer eýeleri Sanset hem-de Guruzetanyň gollary bilen 2 gezek öňe saýlandy. Ýöne her saparda-da myhmanlar Diomande hem-de Trinkaonyň gollary bilen hasaby deňledi. 90+4-nji minutda Alissonyň goly “Sportinge” taryhy ýeňiş getirdi. Bu gol olary 7-nji orna beýgeldip, “Real Madridi” 9-njy orna itekledi.

“Liwerpul” “Garabagy” 6-0, “Mançester Siti” bolsa “Galatasaraýy” 2-0 hasaplar bilen ýeňip, degişlilikde, 3-nji hem-de 8-nji orunlary eýelediler. “Liwerpulyň” gollaryny Mak Allister, Wirts, Salah, Ekitike hem-de Kieza, “Sitiniň” gollaryny-da Holann bilen Şerki geçirdi. Holannyň bu ýaryşdaky gollarynyň sany 49-a ýetip, ol 8-nji basgançaga beýgeldi.