“La Ligada” “Realyň” derwezesinden 5 gol geçiren Atletiko Madrid şol statistikasyny Çempionlar Ligasynda-da gaýtalamagy başardy. “Metropolitana stadionynda Germaniýanyň “Aýntrhat” toparyny 5-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ispan toparyna ýeňiş getiren gollary Raspadori (4), Le Normand (33), Grizmann (45+1), Simeone (70) hem-de soňky oýunlaryň ýyldyzy Alwares (82 p) geçirdi. Myhmanlardan 57-nji minutda Burkardt tapawutlandy.
Fransiýada “Marsel” topary “Aýaksyň” derwezesinden jogapsyz 4 gol geçirdi. Gollaryň 2-sini tomusda “Feýenoorddan” transfer bolan Paişao (6, 12), beýlekileri-de Grinwud (26) bilen Obameýang (52) öz atlaryna ýazdyrdylar.