Meşhur iňlis ýazyjysy Redýard Kiplingiň (1865-1936) ýaşan Tisberi obasyndaky wiktorian mülki 3,6 million funt sterlinge satuwa çykaryldy. Bu öýde belli bir döwürde suratkeş Pol Hardi hem ýaşapdyr. Häzirki wagtda mülküň durky täzelenipdir. Jaýyň fasady daş bilen bejerilipdir. Şeýle hem myhman otagy we iki sany goşmaça ýatylýan otag bar. Daş-töwereginde dynç alyş ýerleri we peçli telär bar. 2013-nji ýylda bu mülk ady aýdylmadyk alyja 1,2 million ýewro satyldy. “Jeňňel kitaplarynyň” awtory bolan iňlis ýazyjysy Nobeliň edebiýat baýragynyň eýesidir.