Rimiň häkimiýetleri Kolizeýiň golaýynda gadymy artefaktlar bilen bezelen, “C” liniýasyna degişli iki sany täze metro bekedini ulanmaga berdi. Takmynan 20 ýyl dowam eden bu taslama şäherdäki ulag dyknyşygyny ep-esli ýeňilleşdirmegi wada berýär.
B beketler ýolagçylary gurluşyk wagtynda ýüze çykarylan gadymy medeni gatlaklar bilen tanyşdyrýar. Amfiteatryň golaýyndaky ýerasty duralga girýän ýolagçylar we şäheriň myhmanlary platformalaryň ugrunda goýlan I asyra degişli jaýlaryň galyndylaryny, keramiki gap-gaçlary, daş guýulary we Rim hammamynyň harabalyklaryny görüp bilýärler.
Liniýanyň gurluşygy maliýe meseleleri we “Via dei Fori Imperiali” köçesiniň aşagynda ýüze çykan taryhy galyndylary gorap saklamak zerurlygy sebäpli ençeme ýyl bökdeldi. Inženerler ýer ýüzündäki taryhy binalary goramak bilen bir hatarda, ýerasty suwlaryň derejesine hem berk gözegçilik etmeli boldular. “Porta Metronia” bekediniň golaýynda bolsa Rim imperatorlygy döwrüne degişli harby ýatakhanalar we nepis bezelen otaglar görkezilýär.
Geljekde şäheriň ähli künjegine uzajak “C” liniýasynyň gurluşygy doly tamamlanandan soň, Rimiň köçelerindäki ulag dyknyşygynyň has-da azalmagyna garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde, bu metro ulgamy syýahatçylara we ýaşaýjylara şäheriň gadymy geçmişine her gün nazar aýlamaga täsin mümkinçilik döredýär.
PDF









