Robert Dawni Jr., Deýmon, Blant, Mörfi dagy meşhur režissýoryň täze filminde surata düşer

207

“Gara rysar”, “Başlangyç”, “Ýyldyzlar arasy” ýaly ilhalar kinolaryň ussat režissýory Kristofer Nolanyň täze filmi “” diýlip atlandyrylýar. Meşhur alym, fizik hem-de himik J.Robert Oppenhaýmeriň durmuşy baradaky filmiň artistleriniň gerimi giňeýär. Golaýda filmde belli artistler – Robert Dawni Junior bilen Mett Deýmonyň hem surata düşjekdikleri mälim edildi. Filmde baş keşbi Oppenhaýmeriň keşbini režissýor bilen “Başlangyç”, “Dankirk” filmlerinde-de bile işleşen Sillian Mörfiniň janlandyrjakdygy, şol sanda Oppenhaýmeriň aýalynyň keşbini-de Emili Blantyň ýerine ýetirjekdigi ozal habar berlipdi. “Warner Bros.” kompaniýasy bilen arasynda tow düşen režissýoryň täze filmi “Universal” studiýasynyň guramaçylygynda surata düşüriler. Filmiň ssenarisini Kai Bördüň “American Prometheus: The Triumph and Tragedy of J. Robert Oppenheimer” atly kitaby esasynda režissýoryň özi bilen Martin Şerwin bilelikde ýazarlar. Köpleriň eýýämden sabyrsyzlyk bilen garaşýan kinosy 2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda kinoteatrlara ýaýradylar.