Bölek söwda bilen meşgullanýan «Amazon» kompaniýasy hemmeler üçin «ygtybarly we gyzykly» boljak robot tehnologiýasyny işläp taýýarlaýan «Fauna Robotics» startapyny satyn aldy. 2024-nji ýylda esaslandyrylan «Fauna Robotics» golaýda «Sprout» atly kiçijik adamsypat roboty köpçülige tanyşdyrypdy. Boýy 1 metre barabar bolan bu robot çylşyrymly işi ýerine ýetirip bilmeýän hem bolsa, tans etmek ýaly käbir hereketleri başarýar. Awtomatlaşdyrylan tehnologiýalara maýa goýýan «Amazon» kompaniýasy «Fauna Robotics»-iň tejribesinden peýdalanmak isleýär. Bölek söwda kompaniýasynyň ammarlarynda 1 milliondan gowrak robot işledilýär. «Sprout» roboty bolsa, adamlar bilen gatnaşyk saklamak üçin kämilleşdiriler.
PDF









