Italiýanyň “Roma” kluby Braziliýanyň “Flamengo” toparyndan sag gyraky goragçy Wesli Fransany düzümine goşdy. Rimliler Wesli Fransanyň transferi üçin riolylara 25 million ýewro berer. 21 ýaşyndaky oýunçy italýan topary bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Wesli Fransa “Romanyň” düzüminde çykyş etjek 46-njy braziliýaly futbolçy bolar. Ol täze toparynda 43-nji belgili köýnekçäni geýer. Braziliýanyň ýygyndysynda 2 duşuşyk geçiren Wesli “Flamengoda” 136 oýunda 4 gezek tapawutlandy. “Roma” Wesliden öň “Lans” toparyndan 24 ýaşyndaky marokkoly ýarymgoragçy Neil El Aýnauini transfer edip, irlandiýaly Ewan Fergusony kärendesine alypdy.