Tutuş musulman ymmaty üçin mukaddes bolan Oraza aýy geldi. Mukaddes Oraza aýy – ruhy taýdan tämizligiň hem-de haýyr-sahawatyň aýy hasaplanýar. Asylly we sogap işleri etmek üçin ähli döwürde hem mümkinçilik bar, emma Oraza aýy döwründe edilýän sogap işleriň ähmiýeti has-da uludyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy:
Ýigrimi dört sagat on iki aýda,
Remezan diýerler aýyň ýagşysyn –
diýip, bu mukaddes aýa hormatyny beýan edýär.
«Oraza» sözi pars dilinden geçipdir. Bu arap dilinde «sawm» we «siýam» sözleri bilen aňladylýar. «Sawm» sözi arapçada: «Bir zatdan daş durmak, özüňi saklamak, böwet bolmak» manylarynda ulanylýar. Oraza – selälik wagtynyň gutaryp, ertir namazynyň wagtynyň girmegi bilen başlap, Gün ýaşýança aralykda hiç zat iýmän-içmän, öz nebsiňi saklamak diýmekdir. Oraza beden bilen amal edilýän ybadatdyr. Bu ybadatyň iň esasy aýratynlygy ynsany erbetlikden saklamagy, nebsiň dürli ham-hyýallaryndan daşlaşmagydyr. Oraza aýy gelende, jemgyýetde haýyr-sahawat köpelip, adamlaryň arasynda biri-biri bilen ysnyşykly gatnaşyklar döreýär. Mübärek Oraza aýynyň sogap-sahawatly günlerinde tagat-ybadatlar edilýär, agzaçar sadakalary berilýär. Agzybirlik, rysgal-bereket, maşgala ojaklarynyň abat, ýurduň abadan bolmagy dileg edilýär.
Bu aýda Gadyr gijesine aýratyn hormat goýulýar. Gadyr gijesi Oraza aýynyň 27-nji gijesidir. Bu gije Pygamberimize Gurhanyň aýatlary inmäge başlapdyr. Şonuň üçinem ony haýyr-dogada, ybadat bilen geçirmegiň sogaby örän uly hasaplanylýar.
Oraza sagdynlygyň açary bolup, beden saglygyňa-da uly kömek edýär. Bir ýylyň dowamynda dürli naharlar bilen agram salynýan bedene dynç almaga, täzeden öňki kaddyna gelmäge mümkinçilik döreýär. Oraza bedeniň açlyga-suwsuzlyga garşy durmak güýjüni artdyrýar. Bu bolsa ynsanyň dürli kynçylyklara çydamlylygyny ösdürýär. Agyz beklemek bedeniň dynç almagy we sagdyn ýaşamagy üçin hem ähmiýetlidir. Şonuň üçin orazanyň beden saglygy üçin ähmiýetiniň uludygyny alymlar belläp geçýärler. Oraza maddy taýdan berhiz bolşy ýaly, ruhy taýdan hem berhizdir. Şeýlelik bilen, ynsan her hili ýaramaz arzuw we meýilleriň öňüni almagy, halal we arassa ýaşamagy öwrenýär. Oraza tygşytly ýaşamagy öwredýän iň möhüm düzgündir. Islän wagty, islän zadyny almaga endik eden kişi oraza wagty özüni saklamaly bolýar. Bu bolsa oňa tygşytlylygy öwredýär.
Haýyr-sahawatlylygy dabaralandyrýan Oraza aýynyň her bir gününde dini däp-dessurlar berjaý edilip, ruhy we beden tämizligine, ahlak arassalygyna aýratyn üns berilýär. Oraza aýynda etjek doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!