Ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmäge ýardam berýär. Däp bolşy ýaly, 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine türkmen ýaşlary bilim alarlar. Olary maglumat tehnologiýalary; saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary; bilim we pedagogika ylymlary; oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary; inženerçilik işi; tehnologiýalar we tehniki ylymlar; matematika we tebigy ylymlar ýaly ugurlar boýunça dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerine ibermek meýilleşdirilýär.
Bu barada 14-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa hasabat berdi.