Russiýanyň Banky Mihail Ýewgrafowiç Saltykow-Şedriniň şekili ýerleşdirilen, nominal bahasy iki rubl bolan ýadygärlik kümüş şaýylygy dolanyşyga çykarar. «Russiýanyň görnükli şahsyýetleri» tapgyryna degişli bolan bu şaýylyk, ýazyjynyň 2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda belleniljek doglan gününiň 200 ýyllygyna bagyşlanýar. Bu barada Russiýanyň Bankynyň metbugat gullugy habar berýär.
Şaýylygyň arka tarapynda Saltykow-Şedriniň portretiniň we onuň «Bir şäheriň taryhy» (История одного города) eserindäki Glupow şäheriniň häkimleriniň releýf şekilleri ýerleşdirilipdir.
Şaýylykda 3 müň sanysy zikgelendi. Russiýanyň Bankynyň metbugat gullugynyň maglumatlaryna görä «Dolanşyga çykarylýan bu şaýylyk Russiýa Federasiýasynyň çäginde nagt tölegleriň kanuny serişdesi bolup durýar we ähli görnüşli tölegler üçin nominal bahasy bilen hiç hili çäklendirmesiz kabul edilmelidir».
«Rossiýskaýa gazeta» neşiriniň belleýşi ýaly, şaýylygy «Goznak» paýdarlar jemgyýetinden, şeýle hem Russiýanyň Banky bilen ýadygärlik şaýylyklary ýaýratmak barada şertnamasy bolan banklardan satyn alyp bolar.