Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­bar­lar agent­li­gi­niň ber­ýän mag­lu­ma­ty­na gö­rä, Türk­me­nis­tan hal­ka­ra ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy­na iş­jeň gat­na­şy­jy bol­mak bi­len, ne­bit­gaz ul­ga­myn­da dür­li döw­let­ler bi­len deň­hu­kuk­ly­lyk we öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz dün­ýä ba­zar­la­ry­na ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň yg­ty­bar­ly we dur­nuk­ly ibe­ril­me­gi­ni, bu iş­le­riň do­wa­myn­da gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­niň – ener­gi­ýa­ny ön­dü­ri­ji­le­riň, üs­ta­şyr ge­çi­ri­ji­le­riň we sarp edi­ji­le­riň bäh­bit­le­ri­niň ber­jaý edil­me­gi­ni üp­jün ed­ýän ne­ti­je­li gu­ral­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­lar bi­len en­çe­me ge­zek çy­kyş et­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, TDH-niň ha­bar­çy­sy «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry My­rat Ar­ça­ýe­we en­çe­me ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ne­ti­je­li he­re­ket ed­ýän iri ener­ge­ti­ka tas­la­ma­la­ry­nyň gat­na­şy­jy­sy hök­mün­de ýur­du­my­zyň gel­jek­de ka­nu­ny bäh­bit­le­ri­ne tä­sir edip bil­jek gaz bir­le­şik­le­ri­ni dö­ret­mek ba­bat­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de ýaý­ran ha­bar­lar ba­ra­da öz pi­ki­ri­ni be­ýan et­mek ha­ýy­şy bi­len ýüz­len­di.
M.Ar­ça­ýew: ha­ky­kat­dan-da şu ýy­lyň 11-nji aw­gus­tyn­da bir­nä­çe köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk de­par­ta­men­ti­niň di­rek­to­ry Dmit­riý Bi­ri­çews­ki­niň Rus­si­ýa­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň gat­naş­ma­gyn­da «üç­ta­rap­la­ýyn gaz bir­le­şi­gi» ba­bat­da be­ýan eden ha­ba­ry­ny ýaý­rat­dy­lar. Onuň bel­leý­şi ýa­ly, Rus­si­ýa «gaz ul­ga­myn­da üç­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek müm­kin­çi­li­gi­ni» ara­dan aýyr­ma­ýar hem-de «mu­ňa beý­le­ki döw­let­le­riň hem gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni» bil­ýär.
Je­nap Bi­ri­çews­ki­niň aý­dan­la­ry azyn­dan bir­nä­çe so­wa­ly ýü­ze çy­kar­ýar. Haý­sy «gi­ňelt­mek müm­kin­çi­lik­le­ri» ba­ra­da gür­rüň bar­ýar, haý­sy «beý­le­ki döw­let­ler» oňa gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär we umu­man gaz ul­ga­myn­da­ky «üç­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň» aňyr­syn­da nä­me­ler dur­ýar? Rus dip­lo­ma­ty­nyň söz­le­ri bu so­wal­la­ryň hiç bi­ri­ne anyk jo­gap ber­me­ýär. Bu me­se­le­de bol­sa do­ly anyk­lyk we aý­dyň­lyk ze­rur­dyr, çün­ki şun­da beý­le­ki döw­let­le­riň, şol san­da Türk­me­nis­ta­nyň hem bäh­bit­le­ri bar­dyr.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan, Ga­za­gys­tan, Öz­be­gis­tan hem-de Hy­taý Mer­ke­zi Azi­ýa­dan Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­na te­bi­gy ga­zy anyk yla­la­şy­lan möç­ber­ler­de, möh­let­ler­de, yk­dy­sa­dy we teh­ni­ki gör­ke­zi­ji­le­re la­ýyk­lyk­da iber­mek bo­ýun­ça uzak wag­tyň do­wa­myn­da hyz­mat­daş­lyk edip gel­ýär­ler.
Hä­zir­ki wagt­da «Türk­me­nis­tan – Hy­taý» gaz ge­çi­ri­ji­si­niň üç şa­ha­sy he­re­ket ed­ýär. Olar bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň gün­do­gar we gü­nor­ta-gün­do­gar ýa­tak­la­ryn­dan te­bi­gy gaz ibe­ril­ýär. Bu şa­ha­la­ryň üçü­si, ola­ryň işi­ni üp­jün ed­ýän önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry hem türk­men we hy­taý ta­rap­la­ry – «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni we Hy­ta­ýyň CNPC ne­bit­gaz kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­de gu­rul­dy. Hä­zir­ki gün­de bu tur­ba­ge­çi­ri­ji bo­ýun­ça iň iri gaz ibe­ri­ji­si Türk­me­nis­tan bo­lup dur­ýar. Ibe­ril­ýän ga­zyň yla­la­şy­lan ýyl­da 55 mil­liard kub metr möç­be­ri­niň 40 mil­liard kub met­ri­ni ýur­du­myz iber­ýär, ga­lan möç­be­ri bol­sa Öz­be­gis­tan hem-de Ga­za­gys­tan ta­ra­pyn­dan üp­jün edil­ýär.
Tur­ba­ge­çi­ri­ji­ni dol­dur­mak üçin beý­le­ki ýurt­lar­dan gaz çeş­me­le­ri göz öňün­de tu­tu­lan däl­dir we «Türk­me­nis­tan – Hy­taý» gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy­na gat­na­şy­jy­la­ryň dü­zü­mi­ni gi­ňelt­mek me­ýil­leş­di­ril­me­ýär.
Türk­me­nis­tan hy­taý, öz­bek we ga­zak hyz­mat­daş­la­ry­nyň öňün­de öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­ny do­ly ýe­ri­ne ýe­tir­ýär we ola­ryň hem ýe­ri­ne ýe­tir­jek­di­gi­ne ka­nu­ny esas­da bil bag­la­ýar.
Şeý­le hem bar bo­lan inf­rast­ruk­tu­ra­ny ulan­mak ar­ka­ly te­bi­gy ga­zyň ibe­ril­me­gi­niň yla­la­şy­lan we res­mi­leş­di­ri­len möç­ber­le­ri­niň hem-de ugur­la­ry­nyň is­len­dik üýt­ge­dil­me­gi äh­li gat­na­şy­jy­lar bi­len hök­man des­lap­ky yla­la­şyl­ma­gy­ny ta­lap ed­ýär. Bu ba­bat­da Türk­me­nis­tan bi­len hiç hi­li ge­ňeş­me­ler ge­çi­ril­me­di. Şeý­le çe­me­leş­me türk­men ta­ra­py üçin düş­nük­siz we ka­bul eder­lik­siz­dir hem-de ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň ka­da­la­ry­na we gaz ul­ga­myn­da­ky iş tej­ri­be­si­ne la­ýyk gel­me­ýär diý­lip ga­ral­ýar.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, res­mi we­kil­le­riň ýur­du­my­zyň hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­na da­hyl­ly we ola­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­bat­da beý­le­ki gat­na­şy­jy­la­ryň ara­syn­da düş­nük­siz­li­ge ge­tir­ýän be­ýan­na­ma­la­ry Türk­me­nis­tan­da çyn­la­kaý yn­ja­lyk­syz­lyk dö­red­ýär.
Hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­na jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­ýän döw­let hök­mün­de Türk­me­nis­tan, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň, şol san­da ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni iber­mek ýa­ly, mö­hüm ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň açyk we aý­dyň öl­çeg­ler, bi­rek-bi­re­giň bäh­bit­le­ri­ne hor­mat goý­mak we ony ha­sa­ba al­mak, ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry berk ber­jaý et­mek ýö­rel­ge­ler esa­syn­da ýo­la go­ýul­ma­ly­dy­gyn­dan ugur al­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­bar­lar agent­li­gi­niň mag­lu­ma­ty­na la­ýyk­lyk­da, da­şa­ry yk­dy­sa­dy ýag­daý­la­ryň üýt­gäp dur­ma­gy bu ýö­rel­ge­le­ri üýt­get­mek üçin se­bäp bo­lup bil­mez.