Rus­si­ýa Gyr­gy­zys­ta­nyň esa­sy söw­da we yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­la­ryn­dan bi­ri­dir. Bu ba­ra­da Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin Gyr­gy­zys­ta­nyň li­de­ri Sa­dyr Ja­pa­row bi­len ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler­de aýt­dy.
-Ge­çen ýyl söw­da iki ýur­duň do­la­ny­şy­gy 37 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy we tak­my­nan, üç ýa­rym mil­liard dol­lar bol­dy. Şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ýe­ne 17,9 gö­te­rim go­şul­dy – di­ýip Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti aýt­dy.
Pu­tin Rus­si­ýa­nyň Gyr­gy­zys­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne iň uly ma­ýa go­ýu­jy­dy­gy­ny bel­le­di.
– Gyr­gy­zys­ta­na top­la­nan gö­ni da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň, tak­my­nan, 36 gö­te­ri­mi rus ma­ýa go­ýum­la­ry­dyr. Res­pub­li­ka­da Rus­si­ýa­nyň gat­naş­ma­gyn­da 800 kär­ha­na bar – diý­di.
-Se­bi­ta­ra gat­na­şyk­lar hem dep­gin­li ös­ýär. Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň 80-den gow­rak se­bi­ti Res­pub­li­ka­nyň ýe­di se­bi­ti­niň hem­me­si bi­len iş­jeň ara­gat­na­şyk sak­la­ýar – di­ýip sö­zü­niň üs­tü­ne goş­dy.
Mun­dan baş­ga-da, Pu­tin Rus­si­ýa­nyň Gyr­gy­zys­tan­dan “es­ta­fe­ta ta­ýa­jy­gy­ny” al­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.
– Rus­si­ýa 2024-nji ýyl­da GDA-a baş­lyk­lyk eder – di­ýip, ol bel­le­di.
Gyr­gy­zys­ta­nyň Pre­zi­den­ti hem öz ge­ze­gin­de gyr­gyz-rus stra­te­gi­ki hyz­mat­daş­ly­gy­na we öza­ra gat­na­şyk­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
-Gyr­gy­zys­tan bi­len Rus­si­ýa­nyň ara­syn­da­ky bi­le­le­şi­gi we stra­te­gi­ki hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek üçin berk bin­ýat we giň pers­pek­ti­wa­lar bar – di­ýip, ol bel­le­di.
Rus­si­ýa­nyň döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň Gyr­gy­zys­ta­nyň li­de­ri bi­len res­mi du­şu­şy­gy Biş­kek­dä­ki “Ala-Ar­ça” döw­let re­zi­den­si­ýa­syn­da ge­çi­ril­di.
Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti gyr­gy­zys­tan­ly kär­de­şi bi­len ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler­de ony Hor­mat or­de­ni bi­len sy­lag­la­dy.
12-nji okt­ýabr­da ir­den Pu­tin Gyr­gy­zys­ta­na iki gün­lük sa­par bi­len gel­di. Biş­kek­de Pre­zi­dent­le­riň gep­le­şik­le­ri we iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy ge­çi­ri­ler. Mun­dan baş­ga-da, Pre­zi­dent­ler Rus­si­ýa­nyň Kant şä­he­rin­dä­ki har­by ho­wa ba­za­sy­nyň 20 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan da­ba­ra­ly çä­rä gat­na­şar­lar.
13-nji okt­ýabr­da Pu­tin we Ja­pa­row, GDA ýurt­la­ry­nyň beý­le­ki ýol­baş­çy­la­ry bi­len bir­le­şi­giň döw­let Baş­tu­tan­la­ry ge­ňe­şi­niň mas­la­ha­ty­na gat­na­şar­lar.