Tennis boýunça zenanlaryň arasyndaky ýylyň jemleýji ýaryşy “WTA Finals” tamamlandy. Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçirilen ýaryşyň finalynda gazagystanly Ýelena Rybakina bilen belarusly Aryna Sabalenka duşuşdy. 26 ýaşyndaky Rybakina güýçli garşydaşyny, sanawyň 1-nji belgili tennisçisi Sabalenkany 2 setde 6:3 we 7:6 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Bu onuň “WTA Finals”-daky ilkinji, umumylykda bolsa 11-nji çempionlygydyr. Umumy baýrak gaznasy 15,5 million amerikan dollaryna deň bolan ýaryşda Rybakina ýeňlişsiz çempionlyk gazanany üçin 5 million 325 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragynyň eýesi boldy.
Sabalenka bolsa 2022-nji ýyldan soň 2-nji gezek finalda ýeňildi. Jübütleriň arasyndaky bäsleşikde russiýaly Weronika Kudermetowa bilen belgiýaly Eliz Mertens çempionlyk gazanyp, olar finalda wengriýaly Timea Baboş bilen braziliýaly Luisa Stefaniden üstün çykdy.
Sanawyň öňdäki 8 tennisçisiniň gatnaşýan WTA Finals ýaryşyna Rybakina 1 aý öň gatnaşmak hukugyna eýe däldi. Ýöne Hytaýyň Ningbo şäherinde gazanylan çempionlyk hem-de 2 ýaryşda ýarym finala çykmagy oňa “WTA Finals”-a gatnaşmagyň gapysyny açdy.
1972-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu ýaryşda amerikaly Martina Nawratikowa 8, germaniýaky Şteffi Graf bilen amerikaly Serena Williams 5, amerikaly Kris Ewert 4 gezek çempionlyk gazandy.
PDF









