S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2025-2026-njy okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 15-nji martynda, 12-nji aprelinde we 10-njy maýynda «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

Bu günlerde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumat berler.
«Açyk gapylar» günleri görkezilen salgylarda sagat 9:00-da başlanýar: Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, Ahal we Balkan welaýatlarynyň ýaşlary üçin: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde. Salgysy: Aşgabat şäheriniň 2009-njy (Görogly)köçesiniň 143-nji jaýy. Telefon belgileri: 34-07-77, 34-25-64, 34-27-09. Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin: Türkmen oba hojalyk institutynda. Salgysy:Daşoguz şäheriniň Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Telefon belgileri: (+993322)9-33-92, 9-40-68, 9-27-47. Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin: Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Türkmenabat şäheriniň Zelili köçesiniň 1-nji«A»jaýy. Telefon belgileri: (+993422)9-89-56, 9-87-71, 9-88-12. Mary welaýatynyň ýaşlary üçin: Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Baýramaly şäheriniň Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy. Telefon belgileri:(+993564)6-00-83, 6-07-84, 6-38-19.