Disneýiň iň gyzykly animasiýalarynyň biri bolan «Şa ýolbars» multfilminiň ilkinjisi 1994-nji ýylda körpejeleriň dykgatyna ýetirilýär. Şekspiriň «Gamlet» tragediýasyndan ylham alnan bu multfilmdäki wakalar Afrikada bolup geçýär. Multfilmde ýaş şazada Simbanyň (ýolbars) başdan geçirenleri we jeňňelde ýaşaýan jandarlaryň durmuşy barada gyzykly wakalar suratlandyrylýar. Simbanyň kakasy – jeňňeliň şasy Mufasa Skaryň gurnan dildüwşigi esasynda gaýadan oklanýar. Skar dogany Mufasanyň heläk bolmagynda kiçijik şazadany günäkärleýär. Simba kakasynyň heläk bolmagynda günäkär hökmünde görkezilip, patyşalykdan uzaklaşdyrylýar. Simba uzaklara gaçyp gidýär. Birnäçe günläp gözlänlerinden soň, Timon (surikat) bilen Pumba (ýekegapan) Simbany tapýar. Şeýlelikde, Simba çagalyk dostlary bilen bilelikde başga jeňňelde ulalýar. «Hiç hili kynçylyk ýok» (Hakuna matata) Timon bilen Pumbanyň şygary bolup, bu jümläni Simba-da öwredýärler.
Birnäçe ýyldan soň Nala (ýolbars) çagalyk dosty Simbany tapýar hem-de oňa Skaryň ýetirýän zyýany barada gürrüň berýär. Simba akyldar maýmyn Rafikiniň hem-de dostlarynyň goldawy bilen doglan ýerine – özüne degişli jeňňele gaýdyp gelýär. Simba wagşy Skar bilen başa-baş tutluşyga girýär. Skar Mufasany öldürendigini boýun alýar we Simbadan ýeňilýär. Şondan soňra Simba kakasynyň tagtyny gaýdyp alyp, jeňňeliň şasy bolýar…
Disneýiň hünärmenleri «Şa ýolbars» animasiýasyny taýýarlamak üçin 3 ýyl sarp edýärler. Kagyza çekilen 1 milliondan gowrak suratyň çalt-çaltdan geçirilmegi (2D) esasynda taýýarlanan bu multfilm häzirki wagta çenli hem öz gymmatyny ýitirmeýär. Hünärmenler multfilme başlamazdan öň Keniýada iki hepdelik saparda bolup, Afrikada ýaşaýan jandarlary ýakyndan öwrenýärler. Bu bolsa multfilmiň has ynandyryjy we özüne çekiji bolmagyna ýardam edýär. Aslynda, Mufasa bilen Skar garyndaş ýolbarslar däl. Hünärmenler wakalary dartgynly we gyzykly görkezmek üçin iki ýolbarsy dogan hökmünde görkezýärler.
Multfilm 5 sany esasy bölümden ybarat bolup, olar «Şa ýolbars» (1994 ý), «Şa ýolbars II: Simbanyň buýsanjy» (1998 ý), «Şa ýolbars 1 ½» (2004 ý) multfilmi, «Şa ýolbars» (2019 ý) asyl animasiýanyň wirtual hakykat esasynda kompýuterde gaýtadan dikeldilen nusgasy we «Mufasa: Şa ýolbars» (2024 ý) filmidir. «Şa ýolbars» multfilmi birnäçe ugur boýunça «Oskar» we «Altyn globus» baýraklaryna mynasyp boldy.
PDF









