Sa­byr­ly bol­ma­gyň kyn­dy­gy­ny hem­mä­miz bil­ýä­ris. Kä­wagt gys­san­mak, is­le­ýän za­dy­ňa has çalt ýet­mek üçin edil­ýän he­re­ket­ler sa­byr­syz­ly­ga we la­py­keç­li­ge se­bäp bol­ýar. Kä­te şol za­da sa­byr edip ga­raş­ýan bol­sak, kä­te is­le­ýän za­dy­my­za çalt­rak ýet­mek is­le­ýä­ris. Eý­sem, sa­byr­syz­lyk ada­ma nä­hi­li tä­sir ed­ýär? Nä­dip sa­byr­ly bol­ma­ly?
Soň­ky ýyl­lar­da teh­no­lo­gik en­jam­la­ryň ös­me­gi bi­len tä­ze­lik­ler­den ba­da-bat ha­bar­ly bol­mak, şah­sy is­leg­le­ri­ňi öýüň­de otu­ran ýe­riň­de do­lan­dyr­mak we sar­gyt et­mek ýa­ly ýe­ňil­lik­ler dö­re­di. Em­ma şeý­le­di­gi­ne ga­ra­maz­dan adam­la­ryň kö­pü­si özü­ni sa­byr­syz duý­ýar­lar. 3 müň tö­we­re­gi meý­le­tin­çi­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­si­ne gö­rä, ola­ryň ýa­ry­my­na go­la­ýy­nyň (45%) soň­ky bäş ýyl­da özü­ni has-da sa­byr­syz duý­ýan­dy­gy we mu­ňa teh­no­lo­gi­ýa­nyň se­bäp­kär­di­gi bel­le­nil­ýär. Hü­när­men­ler teh­no­lo­gi­ýa­ny gü­nä­kär­le­me­giň ýal­ňyş­dy­gy­ny bel­läp, kä­bir zat­la­ryň ada­myň özü­ne bag­ly­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Sa­byr­syz­lyk sag­lyk üçin hem zy­ýan­ly bo­lup, ag­ra­myň ýo­kar­lan­ma­gy­na, do­wam­ly stres­li we ga­har­jaň bol­ma­ga, gan ba­sy­şy we ýü­rek-da­mar ul­ga­my bi­len bag­ly nä­hoş­luk­la­ra se­bäp bol­ýar. Dur­muş­da has sa­byr­ly bol­mak üçin nä­me­le­re üns ber­me­li?!
Me­se­lä­ni düýp­li öwrenmek. Göw­nü­çök­gün ýag­da­ýa dü­şe­niň­de özü­ňi bi­yn­ja­lyk ed­ýän zat ba­ra­da düýp­li pi­kir­len­mä­ge sy­na­nyş­ma­ly. Se­bä­bi­ni kes­git­lä­niň­den soň, sa­byr­syz­ly­ga ýol be­rlen ýag­da­ýa has anyk göz ýe­ti­rip bol­ýar.
Duý­gu­la­ry­ňa erk et­mek. Duý­gu­la­ryň aşa möwç al­ma­gy sa­byr­syz­ly­ga se­bäp bol­ýan zat­la­ryň bi­ri­dir. Şol se­bäp­li sa­byr­ly­ly­gy el­den ber­mez­lik üçin akyl bi­len iş tut­ma­ly. Gö­zü­ňi ýu­mup, ulu­dan dem al­ma­ly, pi­kir­le­ri­ňi we duý­gu­la­ry­ňy göz­den ge­çir­me­li.
Ka­na­gat­ly bol­mak. Ka­na­gat­ly adam­lar has sa­byr­ly bol­ýar­lar. Kä­te şo­wu­na bol­ma­dyk za­dy­ňa ga­har­la­na­nyň­da özü­ňe şow­lu­lyk ge­ti­ren zat­la­ry ýat­la­ma­ly. Şü­kür et­me­li hem-de özü­ňi kö­şeş­dir­me­li.
Ýag­da­ýa gö­rä bol­mak. Kä­wagt ýü­ze çy­kan ýag­da­ýy üýt­get­mek üçin edip bil­jek za­dy­my­zyň ýok­du­gy­na göz ýe­tir­ýä­ris. Şeý­le ýag­daý­da sa­byr­syz­ly­ga ýol ber­män, kyn­dy­gy­na ga­ra­maz­dan is­le­ýän za­dy­my­za ga­raş­ma­ly. Ga­raş­ýan pur­sa­dy­ňy ki­tap oka­mak, tap­ma­ça çöz­mek ýa­ly peý­da­ly iş­ler bi­len dol­dur­ma­ly.
Özü­ňi gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak. He­re­ket­le­ri­ňe we aýd­ýan söz­le­ri­ňe gö­zeg­çi­lik et­mek sa­byr­syz­ly­ga ýol ber­ýän ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Sa­byr­ly bol­mak üçin ter­tip-düz­gün­li bol­ma­ga çe­me­leş­me­li.
Kä­bir za­da uzak wagt­lap güý­men­mek. Kä­bir ow­nuk iş­le­re sab­ry­ňyz ýet­me­ýän bol­sa, on­da ony uzak wagt­lap ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge sy­na­nyş­ma­ly. Özü­ňi how­luk­maç duý­ýan­dy­gy­ňa ga­ra­maz­dan bir işi ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin has köp wagt sarp et­me­li.
Şat­lan­mak. La­py­keç­lik sa­byr­syz­ly­ga se­bäp bol­ýan ýag­daý­la­ryň bi­ri­dir. «Sa­byr­ly gul du­ra-ba­ra şat bo­lar» diý­li­şi ýa­ly, gaý­gy-ala­da­la­ry unu­dyp, özü­ňi şa­dy­ýan alyp bar­ma­ga sy­na­nyş­ma­ly. Köp­räk gül­me­li, be­gen­me­li we dur­muş­dan lez­zet al­ma­ly.
Diň­le­me­gi ba­şar­mak. Diň­le­mek we diň­le­me­gi ba­şar­mak sa­byr­ly bol­mak üçin mö­hüm usul­la­ryň bi­ri­dir. Adam­la­ryň baş­dan ge­çi­ren­le­ri­ni ýa-da bo­lup ge­çen wa­ka­la­ry diň­lä­niň­de how­luk­ma­ly däl­di­gi­ne we sa­byr­ly bol­ma­ly­dy­gy­na dü­şün­ýär­siň.
Bäş­deş bol­maz­lyk. Her ki­miň öz dur­muş ýö­rel­ge­si bar. Kä­bir adam­lar ýa­ky­nyn­da­ky­la­ry özü­ne bäs­deş ha­sap­la­ýar­lar. Ola­ryň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne we de­re­je­si­ne ýet­mek is­le­ýär­ler. Özüň bo­lup ýa­şa­mak sa­byr­ly bol­ma­gyň esa­sy usul­la­ry­nyň bi­ri­dir.