Hytaýda sagatdaky tizligi 400 kilometre ýetýän otly işlenip taýýarlandy. Ýokary tizlikli «CR450» otlusynyň önümçiligine şu ýyl başlanmagyna garaşylýar. Ýokary tehnologiýanyň önümi bolan otly has kämil hereketlendiriji we howpsuzlyk ulgamy bilen üpjün edilipdir. Ulanylan sanly tehnologiýa otlynyň agramyny optimizirlemäge mümkinçilik berýär. Mundan ozalky «CR400» otlusyndan has ýeňil we has çalt bolan otly, takmynan, 20 göterim az energiýa sarp edýär.
Hytaý soňky ýyllarda ýokary tizlikli otly ýollaryny gurmakda we otlulary öndürmekde uly ösüş gazandy. Dünýäniň iň köp ilatly ikinji ýurdunyň iri şäherleriniň köpüsi demir ýollary arkaly birikdirilendir.
Perhat SAPAROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.