Islendik ýaşdaky adam ýeterlik derejede ukusyny almasa, onuň gündelik iş tertibine täsir edýär. Bu ugurda häzire çenli geçirilen barlaglar uky ýetmezçiliginiň saglyga näderejede täsir edip biljekdigini ýüze çykardy. Uklamak diňe dynç almak üçin däl, öwrenmek, ýatkeşligiňi saklamak, bir zat barada belli netijä gelmek we hatda deriniň saglygyna hem täsir edýär. Ukusyny almadyk adam ünssüz bolup täze zatlary öwrenip bilmeýär, öwrenen zadyny ýadyna salmakda kynçylyk çekýär. 6 sagatdan az uklamak ýürek üçin zyýanly hasaplanýar. Lukmanlaryň bellemeklerine görä, ukusyz adamyň gan basyşy ýokarlanýar. Ukusyny almadyk adamyň pikiri garjaşyk bolýar. Lukmanlar uly adamlaryň günde 7-8 sagat uklamagyny maslahat berýärler. Az ukynyň deriniň ir «garramagyna» getirmeginiň sebäbi, işdä bilen baglydyr. Ukusyz gezen adamyň has köp ýagly we şekerli iýmitleri iýesi gelýär. Bu bolsa artykmaç agramyň döremegine sebäp bolup biler.
Tyllagözel NURYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
PDF









