Ýewropa parlamentiniň dalaşgärlerine ses berişlikde sagçy güýçler köp orun alyp biler. Emma birek-birege az goldaw berýän bu toparlar, bir syýasy fraksiýa döretmek ähtimallygy onçakly ulu däl. Iýun aýynda geçiriljek Ýewropa parlamentine saýlawlarda sagçy güýçler ep-esli üstünlik gazanyp bilerler. Şeýle partiýalaryň wekilleri garaşsyz ýa-da adaty sagçy syýasatçylar bilen bilelikde käbir hökümetlere girip, döwlet dolandyryşyna gatnaşýar.
Ses berişligiň netijesini çaklaýan “Ýewropa saýlaýar” guramasyndan Ýakub Rogowweskiý, orunlaryň sany boýunça aşa sagçylaryň Ýewropa Parlamentinde ikinji orunda durýan syýasy güýç bolup biljekdigini öňe sürýär:
– Biziň maglumatlarymyza görä, soňky 3 ýylda Marin Le Pen we Matteo Salwini tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “Şahsyýet we demokratiýa” (ID) partiýasy iň ýokary orny eýeleýär. Ýewropanyň konserwatorlary we reformaçylary (ECR) ýaly olar hem 12% ses alyp biler. Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloniniň egindeşlerininiň we Polşada dolandyryjy hukuk we adalat partiýasy, takmynan, 11% sese eýe bolar. Häzirki wagtda bu iki topary birleşdirmek barada gyzgalaňly ara alnyp maslahatlaşylan mümkinçiligi göz öňünde tutmaýarys, ýöne olar bilelikde jemi 23% sese eýe bolup biler. Sagçy Ýewropa halk partiýasy, (EPP) takmynan, şol bir netijäni gazanyp biler.