Saglyga peýdaly gök-bakja önümleriniň biri bolan rediskanyň ata Watany Hytaý hasaplanýar. Süýjümtik tagamly bu bakja önüminiň reňkine we şekile görä dürli görnüşi bar. Togalajyk gyzyl gabykly rediska iň köp ýaýran görnüş bolup, mundan başga käşire meňzeş süýrümtik ak rediska, şugundyra meňzeş garamtyl rediska, ýeralma meňzeş gülgün rediska hem bar. Dünýä ýurtlarynyň köpüsinde aşhananyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan rediska, esasan, gyş aýlarynda iýilýär. Düzüminde köp mukdarda
C witaminini, magniý, kaliý saklaýan bu gök-bakja önümi gandaky şekeri kadaly derejede saklamakdan başlap, çişme howpuny azaltmaga hem oňaýly täsirini ýetirýär. Hünärmenler rediskanyň peýdaly taraplaryny şeýleräk belleýärler:
Öýjükleriň zeperlenmeginiň öňüni alýar. Rediskada bedenden zyýanly maddalary aýyrmaga we çişiň döremeginiň öňüni almaga ýardam edýän birleşmeler bar. Bu gök önüm, esasan hem, aşgazan-içege ulgamynyň, böwregiň we agyz boşlugynyň goraglylygyny has-da güýçlendirýär.
Horlanmaga kömek edýär. Rediskanyň düzüminde ýag we uglewodlar ýok diýen ýaly. Ýokumlylygy az bolan bu gök önümde, esasan, C witamini saklanýar.
Ýokançlyklary aýyrýar. Tebigy antibakterial serişde hökmünde görülýän rediskanyň şiresinde adamda duş gelýän kömelejikleri we ýokançlyklary ýok edýän fermentler bar. Rediska şiresi böwrek ýetmezçiliginiň öňüni alýar. Iýmit sanawyna rediskadan taýýarlanýan işdäaçarlary goşmak örän peýdalydyr.
Deri üçin peýdaly. Rediskadaky C witamini, sink we fosfor derini nemlendirip, ýaş görünmäge ýardam edýär. Mundan başga-da, saç dökülmesine peýdaly bolan bu bakja önüminden ýüz üçin ýapgylar we melhemler taýýarlap bolýar.
Suwsuzlygy gandyrýar. Rediska diňe bir derini nemlendirmän, eýsem, tutuş bedeni suw bilen üpjün edýär. Rediskada köp mukdarda suw saklanýandygy sebäpli howanyň gyzgyn günlerinde iýmek has-da peýdalydyr. Rediska bedeniň energiýasyny ýokarlandyryp, keýpiçag bolmaga ýardam edýär.
Bulardan başga-da, rediska ýürek-damar ulgamynyň işleýşi üçin örän peýdaly bolup, iýmiti ýeňillik bilen siňdirmäge ýardam edýär. Ýarym käse rediskada bir gram süýüm saklanýar. Süýüm aşgazan-içege ulgamy üçin örän peýdalydyr. Rediskanyň düzümindäki kaliý gan basyşyny peseldip, gyzyl gan öýjüklerine ýeterlik derejede kislorod barmagyny üpjün edýär. Şeýle hem bu bakja önümi bedeni zyýanly maddalardan arassalamaga ýardam edýär. Hünärmenler her gün 2-3 düýp rediska iýmegi maslahat berýärler.